Sogan- Ýürek saglygyny goraýar we bedendäki çişmeleri aýyrýar.Sogan diňe bir naharlaryň tagamyny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem müň bir derdiň dermany hökmünde gadymy döwürlerden bäri ulanylyp gelýän iň peýdaly gök önümleriň biridir. Onuň ýürek saglygyna we bedendäki çişme (sowuklama) hadysalaryna ýetirýän täsiri ylmy taýdan subut edilen hakykatdyr.

Sogan ýüregiň iň ýakyn dosty hasaplanýar. Onuň düzümindäki dermanlyk maddalar damarlaryň sagdynlygyny üpjün edýär:Sogan bedendäki “erbet” holesterini (LDL) peseltmäge we “gowy” holesterini (HDL) ýokarlandyrmaga kömek edýär. Bu bolsa damarlaryň dykylmagynyň öňüni alýar.Soganyň düzümindäki kwersetin antioksidanty ýokary gan basyşyny kadalaşdyrmaga ýardam edýär. Bu bolsa infarkt we insult töwekgelçiligini azaldýar.Sogan ganyň aşa goýalmagynyň we damarlarda gan lagtalarynyň (tromb) emele gelmeginiň öňüni alýar. Bu öz gezeginde gan aýlanyşynyň bökdençsiz bolmagyny üpjün edýär.Gan düzümindäki ýaglaryň (trigliseridleriň) mukdaryny azaldyp, ýürek myşsasynyň agramyny ýeňilledýär.

Bedendäki dowamly çişmeler rak, süýji keseli we bogun agrylary ýaly köp sanly keseliň başlangyç nokadydyr. Sogan bu çişmelere garşy tebigy galkan bolup hyzmat edýär. Sogan 25-den gowrak dürli flawonoid antioksidantlaryny saklaýar. Olar öýjükleriň zeperlenmegini we sowuklamanyň ýaýramagyny bes edýär.

​Bogun Agrylary (Artrit) Anti-inflamatuar häsiýeti saýasynda, sogan bogunlardaky çişmeleri we agrylary azaldyp biler. Düzümindäki kükürt birleşmeleri bedeniň immun jogabyny güýçlendirip, bakteriýalaryň we wiruslaryň döredýän sowuklamalaryny çalt aýyrýar.

Ýürek we sowuklama garşy täsirinden başga-da:

​Süýji Keselinde Ganda süýjiniň mukdaryny kadalaşdyrmaga ýardam edýär.

Öýken we dem alyş ýollaryndaky mikroblary öldürmäge kömek edýär.

Aýratyn hem aýallarda süňkleriň dykyzlygyny artdyryp, osteoporozyň öňüni alyp bilýär.

Soganyň düzümindäki kükürt birleşmeleri we witaminler çig ýagdaýynda has işjeňdir. Salatlarda ulanmak iň gowy usuldyr.Gyzyl sogan düzümindäki antosianinler (reňk beriji maddalar) sebäpli, ýürek saglygy üçin ak sogana garanyňda has täsirli hasaplanýar.Peýdasyny görmek üçin sogany wagtal-wagtal däl-de, gündelik iýmitiň bir bölegine öwürmek maslahat berilýär. Aşgazan-içege keselleri (gastrit, ýara) bar bolan adamlar çig sogany seresaply ulanmalydyr.

Kalamow Nurmyrat

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 121-nji toparynyň talyby