Tebigat fotosuratçylygy — bu diňe bir hünär däl, eýsem sabyrlylygyň, batyrlygyň we tebigata bolan çeýe söýginiň utgaşmasydyr. Bu ynsanlar bize dünýäniň iň elýetmez künjeklerini, ýabany haýwanlaryň gizlin durmuşyny we tebigatyň täsin hadysalaryny öýümizde oturan ýerimizde görmäge mümkinçilik berýàrler.

​Tebigat fotosuratçysy üçin iň uly ýarag kamera däl-de, sabyrdyr. Bir barsyň aw edişini ýa-da seýrek duş gelýän guşuň ganat ýaýşyny düşürmek üçin olar hepdeläp garaşyp bilerler. Käwagt olar haýwanlary ürküzmezlik üçin bir nokatda gozganman, sagatlap hatda hapa suwuň içinde ýa-da garyň astynda ýatýarlar.

​Haýwanlar ysy we hereketi örän çalt duýýarlar. Şonuň üçin fotosuratçylar ýörite maskalanyş lybaslaryny ulanýarlar. Olar garyň içinde ak, tokaýda bolsa ýaprak reňkli geýinýärler. Käwagt bolsa “gizlenýän çadyrlary” gurup, haýwanyň öz-özünden kameranyň öňüne gelmegine garaşýarlar.Tebigatda surata düşürmek üçin ýörite enjamlar gerek.

​Tele-obýektiwler: Haýwanlara golaý barman, uzak aralykdan olaryň gözüniň içindäki uçguny hem düşürip bilýän äpet obýektiwler.

​Makro-linzalar: Göz bilen görüp bolmaýan mör-möjekleriň dünýäsini äşgär edýän enjamlar.

​Duzaklar (Camera Traps): Hereket duýujy datçikler arkaly işleýän kameralar. Olar adamyň baryp bilmejek gaýalaryna goýulýar we haýwan öňünden geçen wagty özi surata düşürýär.

​Bu kär diňe bir owadanlyk däl, eýsem uly howp hem diýmekdir. Arktikanyň aýazynda, Saharanyň yssysynda ýa-da Amazonkanyň gür tokaýlarynda işlemek uly dözümliligi talap edýär. Ýabany haýwanlaryň garaşylmadyk hüjümleri we amansyz howa şertleri hemişe olaryň hemrasydyr.Bu suratlaryň iň uly peýdasy — ekologiýa bolan ünsi çekmekdir. Fotosuratçylar ýitip barýan haýwanlary we ereýän buzluklary görkezip, adamlara dünýäni goramagyň zerurdygyny dilsiz düşündirýärler.

​”Iň oly fotosurat — bu tebigaty üýtgetmän, ony bolşy ýaly görkezip bilmekdir.”

Hojamuhammedow Jebraýyl

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 121-nji toparynyň talyby