«Bilim — ösüşiň binýady, özgerişiň başlangyjy» diýen jümle diňe bir filosofiki garaýyş däl-de, eýsem islendik döwletiň we şahsyýetiň üstünlikleriniň esasy formulasydyr. Adamzadyň taryhynda iň uly öwrülişikler we innowasiýalar elmydama bilime bolan täzeçe çemeleşmelerden başlanypdyr.

Islendik binanyň berkligi onuň düýp tutumyna (binýadyna) bagly bolşy ýaly, güýçli döwletiň we sagdyn jemgyýetiň berkligi hem bilimli nesle baglydyr. Bilim diňe bir mekdepde ýa-da uniwersitetde alynýan maglumatlar däl, eýsem, Meselelere dürli tarapdan seretmek we iň netijeli çözgüdi tapmak ukyby.Ykdysadyýetçileriň pikiriçe, ylyma goýulýan maýa goýumy geljekde iň uly peýdany berýän «adam kapitalydyr».

​Häzirki wagtda bilim ulgamy düýpli özgerişleri başyndan geçirýär. Däp bolan sapaklar indi täze tehnologiýalar bilen utgaşýar.

​Interaktiw usullar-Multimedia we 3D modelirleme arkaly çylşyrymly ylmy maglumatlar has aňsat özleşdirilýär.

​Uzakdan bilim (Online Learning) Häzirki zaman tehnologiýalary dünýäniň islendik nokadyndaky kitaphanalara we darslara elýeterliligi üpjün edýär. Bu bolsa özgerişiň çäklerini giňeltýär.Häzirki zaman dünýäsinde iň gymmatly haryt — ideýadyr. Bilim binýady berk bolan jemgyýetlerde innowasion ykdysadyýet kemala gelýär.Laboratoriýalarda açylýan täze açyşlar göni önümçilige ornaşdyrylyp, ýurduň eksport kuwwatyny artdyrýar.Bilim — adamyň ömür boýu dowam etdirýän ýoludyr. «Life-long learning»  konsepsiýasy häzirki wagtyň esasy talabydyr.

Derýaýew Didar

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 122-nji toparynyň talyby