«Çölüň jümmüşindäki “Akylly” çözgütler» — bu sözler ilkinji gezek eşidilende geň görnüp biler. Sebäbi çöl elmydama  gum depeleri we yssy howa bilen utgaşdyrylýar. Emma häzirki zaman Türkmenistanynda Garagum çöli innowasiýalaryň, “akylly” tehnologiýalaryň we ekologik täsinlikleriň synag meýdançasyna öwrüldi.

​Çölüň merkezinde äpet suw akabasyny döretmek — bu diňe bir gurluşyk däl, eýsem uly ylmy çözgütdir.Köle ýygnalýan akaba suwlarynyň derejesi, arassalygy we akymy sanly datchikler arkaly yzarlanýar.Bu “akylly” taslama netijesinde öň gurak bolan ýerlerde täze ösümlik dünýäsi we haýwanat dünýäsi emele geldi. Bu bolsa çölüň jümmüşinde emeli intellektual monitoringiň kömegi bilen amala aşyrylýar.

​.Günüň energiýasy Çölüň tükeniksiz güýji

​Garagum çöli ýylda 300 günden gowrak güneşli bolup, ol alternatiw energiýa üçin iň amatly mekandyr.Çölde ýerleşýän çopan goşlary we ylmy bekletler häzirki wagtda “akylly” güneş panelleri bilen üpjün edilýär. Bu paneller günüň ýerleşişine görä öz ugruny üýtgedip, iň ýokary netijeliligi üpjün edýär.Çölüň ortasynda hiç hili simsiz we daşarky energiýasyz işleýän suw süýjediji desgalar — innowasiýanyň iň uly ýeňşidir.

Çölde agaç ekmek we ony saklap galmak üçin iň tygşytly tehnologiýalar gerek.Her bir nahalyň aşagyna goýlan sanly sensorlar topragyň çyglylygyny ölçeýär. Emeli aň ulgamy haçan we näçe mukdarda suw goýbermelidigini özbaşdak kesgitleýär.Suwy uzak wagtlap özünde saklaýan innowasion serişdeler çölüň jümmüşinde “ýaşyl zolaklary” döretmäge kömek edýär.

​Häzirki wagtda maldarçylykda hem täzeçillikler ornaşdyrylýar.Dowar sürüleriniň we düýeleriň nirede bakylýandygyny, olaryň saglyk ýagdaýyny smartfon arkaly yzarlamak mümkin. Çöldäki guýularda suwuň mukdaryny we hilini yzarlaýan we suwy awtomatiki usulda çykaryp berýän sanly ulgamlar ornaşdyrylýar.

​Çölüň jümmüşindäki “akylly” çözgütler tebigaty üýtgetmek däl-de, eýsem onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň ýoludyr. Garagum çöli indi diňe bir “gum deryasy” däl, eýsem ylmyň we tehnologiýanyň iň täze gazanlarynyň amalyýetde ulanylýan we geljege itergi berýän mekanydyr.

Gurbangylyjowa Hesel

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 122-nji toparynyň talyby