Emeli Aň we Tebigaty Goramak — bu iki uguryň birleşmegi häzirki wagtda biziň planetamyzy halas etmegiň iň netijeli usullarynyň birine öwrüldi. Öňler tehnologiýa we ekologiýa biri-birine gapma-garşy hasaplanylan bolsa, indi Emeli Aň (EA) tebigatyň iň ýakyn kömekçisine we “gözegçisine” öwrüldi.
Emeli aň haýwanat dünýäsini goramakda adam güýjüniñ ýetmejek ýerlerinde kömege gelýär.
Tokaýlaryň jümmüşinde ýerleşdirilen akylly mikrofonlar emeli aň arkaly işleýär. Olar guşlaryň, maýmynlaryň we beýleki haýwanlaryň seslerini millionlarça başga sesleriň içinden tapyp, olaryň sanyny we ýagdaýyny anyklaýar. EA bilen enjamlaşdyrylan dronlar gije-gündiz goraghanalaryň üstünden uçup, ýaragly adamlaryň ýa-da nätanyş ulaglaryň hereketini şol pursatda anyklaýar we goragçylara habar berýär.
Dünýäniň tokaýlaryny goramakda we täzeden dikeltmekde emeli aň äpet uly işleri bitirýär.
Tokaý ýangynlarynyň öňüni almak-EA hemra suratlaryny we howa maglumatlaryny seljerip, ýangynyň döräp biljek ýerlerini 90% takyklyk bilen öňünden çaklaýar.Dronlar we robotlar emeli aňyň kömegi bilen tokaýyň haýsy künjeginde haýsy agajyň has gowy gögerjekdigini anyklaýar we günde müňlerçe nahaly takyk nokatlara ekýär.Suwasty dünýäniň ekosistemasyny saklamak üçin EA täze çözgütleri hödürleýär.Emeli hemralar we EA algoritmleri okeanlardaky plastik öýjükleriniň we hapalanmalaryň nireden gelýändigini we nirä akýandygyny yzarlaýar. Bu bolsa hapalygy arassalamak işlerini has takyk ugrukdyrmaga kömek edýär.Suwasty robotlar rifleri surata düşürýär, EA bolsa olaryň saglygyna we ösüşine gözegçilik edýär.
Ýurdumyzda hem tebigaty goramak we tehnologiýany sazlaşykly ulanmak ugrunda uly ädimler ädilýär.”Altyn asyr” Türkmen köli ýaly äpet desgalaryň ekosistemasyny we ösümlik dünýäsini gözegçilikde saklamakda sanly ulgamlar we EA-nyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar.Çöl şertlerinde suwy tygşytly ulanmak üçin EA tarapyndan dolandyrylýan damjalaýyn suwaryş ulgamlary ekologiýany goramagyň iň netijeli ýoludyr.
Emeli aň — bu tebigatyň täze bir “duýgy organydyr”. Ol bize tebigatyň sessiz çagyryşlaryny eşitmäge, görnmeýän hapalyklary görmäge we geljekki tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Tehnologiýa tebigatyň duşmany däl, eýsem ony geljekki nesillere arassa saklap bermek üçin iň güýçli guralymyzdyr.
Penaýewa Uzuk
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 122-nji toparynyň talyby

RU












