Hemme zadyň başlangyjy arzuwdan başlanýar. Ýöne käbir adamlar üçin arzuwlar diňe “süýji uky” bolup galsa, beýlekiler üçin olar durmuşyň hakykatyna öwrülýär. Eýsem, arzuwyň hakykata öwrülýän nokady nirede?

​Arzuw bilen maksadyň arasynda bir uly tapawut bar: Möhlet.

“Men baý bolmak isleýärin” diýmek arzuwdyr. Emma “Men 5 ýylyň içinde öz IT-kompaniýamy guraryn” diýmek eýýäm maksatdyr. Arzuw haçan-da anyk meýilnama we wagt çäklerine bölünende, ol amala aşyp başlaýar.

​Adam bir zady arzuw edende, gorky (şowsuzlykdan gorkmak) hemişe gapdalynda bolýar.Arzuwlar şol gorkynyň üstünden böküp, birinji amaly ädimi ädeniňizde janlanyp başlaýar.Hakykata barýan ýol diňe bir uly ädimden däl, eýsem her gün edilýän kiçijik, emma yzygiderli işlerden ybaratdyr.

Gury isleg hiç wagt ýeterlik däl. Arzuw edýän ugruňyz boýunça hünärmen bolmasaňyz, ol arzuw elýetmez bolup galar.Özüňize, bilimiňize we täze ukyplaryňyza maýa goýanyňyzda, şol arzuwa barýan gapylaryň açaryny ýasan bolýarsyňyz.

​Arzuwlar köplenç siziň töweregiňizdäki adamlar tarapyndan ýa “ganatlandyrylýar” ýa-da “kesilýär”.

​”Seniň iň köp wagt geçirýän 5 adamyň — bu seniň geljegiňdir.”

​Eger arzuwyňyz sanly älemde üstünlik gazanmak bolsa, töweregiňize şol ugurdan düşünýän, sizi öňe itekleýän adamlary ýygnaň.

​Iň kyn pursatlarda, hiç zat netije bermeýän ýaly bolup görünende hem, öz başlangyç niýetiňize bolan ynamyňyzy ýitirmeseňiz, arzuwyňyz hakykata iň ýakyn nokadyna gelýär. Hakyky üstünlik — bu ýykylmak däl-de, her ýykylyşdan soň has güýçli bolup aýaga galmakdyr.

​Arzuwlar öz-özünden hasyl bolmaýar. Olar siziň meýilnamaňyz, zähmetiňiz we sarsmaz ynamyňyz birleşen nokadynda hakykata öwrülýär.

Baýramowa Selbinýaz

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 123-nji toparynyň talyby