​Dünýäniň iň uly gözelligi nämede diýip sorasalar, köpimiz hiç ikirjiňlenmezden: “Çaganyň ýüzündäki gamsyz ýylgyryşda we onuň sadyýan gülküsinde” diýip jogap bererdik. Çagalyk — ynsan ömrüniň iň dury, iň päkize we iň täsirli döwri. Haçan-da çagalyk şadyýan pursatlara baý bolanda, ol diňe bir şahsy bagt däl, eýsem tutuş jemgyýetiň abadan durmuşynyň iň aýdyň we iň owadan keşbi bolup taryha ýazylýar.

​Şadyýan çagalyk öz-özünden kemala gelmeýär. Onuň üçin ilkinji nobatda asuda asman, parahat diýar we döwlet durnuklylygy gerek. Çaganyň gorkusyz oýnap, şat gülüp bilmegi şol ýurtda parahatçylygyň dabaralanýandygynyň iň uly subutnamasydyr. Abadan durmuş diýmek — her bir çaganyň ertirki güne ynam bilen garamagydyr.

​”Täze özgerişlikler mekany” bolan eziz Watanymyzda çagalaryň şadyýanlygy döwlet syýasatynyň özeni bolup durýar. Ak mermerli binalaryň arasyndaky döwrebap oýun meýdançalary, seýilgählerdäki şadyýan sesler — bular abadanlygyň şekillendiriş sungatyndaky iň owadan reňkleridir.Şadyýan çagalyk diňe bir oýun däl, ol ruhy sagdynlykdyr. Bagtly we şat kemala gelen çaga dünýäni söýgi bilen kabul edýär. Onuň kalbynda gahar-gazaba, gorky-ürkä orun ýokdur. Şeýle nesil geljekde Watanyna, halkyna we bütin adamzada diňe ýagşylyk getirýän kämil şahsyýet bolup ýetişýär.Şonuň üçin hem, abadan ýaşaýyş diýlen düşünje ilkinji nobatda çagalar baglaryndan, täze açylýan mekdeplerden we çagalara berilýän mähirden başlanýar. Çaganyň kalbyndaky joşgun — döwletiň geljekki güýjüdir.

Maşgala ojagynyň berekedi we bezegi hem çagalaryň sadyýanlygy bilen ölçelýär. Ene-ata üçin öz perzendiniň bagtlydygyny görmekden uly surur (şatlyk) ýokdur. Öýde ýaňlanýan şadyýan sesler abadanlygyň şol maşgala gelip gonanlygynyň buşlukçysydyr.Ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäniň çäginde çagalar üçin döredilýän şertler, olaryň döredijilikli we sagdyn ösmegi üçin gurlan “akylly” merkezler — bularyň hemmesi şadyýan çagalygyň ebedi bolmagyna hyzmat edýär. Şeýlelikde, çaganyň ýüzündäki nura garap, biz döwletimiziň nähili belent sepgitlere ýetendigini görüp bilýäris.

Netijede, şadyýan çagalyk — bu biziň ýeten abadan durmuşymyzyň iň gymmatly miwesidir. Çaga gülküsiniň belentden ýaňlanmagy biziň ertirlerimiziň ýagtydygynyň kepilidir. Goý, asuda asmanymyzyň astynda bagtyýar nesilleriň şadyýan sesleri hemişe dünýäni bezesin!

​Çaganyň gülküsi bar ýerinde — durmuş bar, bagt bar, egsilmez abadanlyk bar.

Akmyradow Yhlas

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 123-nji toparynyň talyby