«Öz-özüňi kämilleşdirmek — bu hiç wagt tamamlanmaýan syýahatdyr.» Bu sözler her bir üstünlikli adamyň durmuş ýörelgesidir. Dünýä çalt üýtgeýär, emma öz üstünde işleýän adam üçin islendik üýtgeşme täze bir mümkinçilikdir.Öz-özüňi kämilleşdirmek diňe bir täze bilim almak däl, eýsem özüňi tanamak we her gün öňki günüňden has gowy bolmaga çalyşmakdyr.
Ösüş hemişe öwrenişilen, rahat gurşawyň çäginden çykan ýeriňizde başlaýar. Adam täze we kyn wezipeleri ýerine ýetirip başlanda, beýni täze ukyplary açýar.
Gorky — bu görkezijidir,eger täze bir işe başlamakdan gorkýan bolsaňyz, diňe şol ýerde siziň uly ösüşiňiz garaşýar.
Synag etmek,täze bir hünär, täze bir sport görnüşi ýa-da täze bir dil — bularyň her biri siziň içki dünýäňizi giňeldýär.
Psiholog Abraham Maslow adamyň hajatlaryny bir piramida görnüşinde beýan edipdir. Onuň iň ýokary nokady “Öz-özüňi amala aşyrmak” (Self-actualization) diýlip atlandyrylýar. Bu siziň öz zehiniňizi we mümkinçilikleriňizi iň ýokary derejede ulanmagyňyzdyr.Kiçijik ädimler, uly netijeler (Kaizen usuly)
Ýaponiýanyň “Kaizen” pelsepesi öz-özüňi kämilleşdirmegiň iň aňsat ýoluny görkezýär: Her gün diňe 1% gowulanmak.
Bir ýylda 365 gün bar. Eger siz her gün öňkiden 1% gowulansaňyz, bir ýylyň sonunda siz şu günki halyňyzdan 37 esse has kämil şahsyýete öwrülersiňiz.
Bu usul siziň ruhy taýdan ýadamagyňyzyň öňüni alýar we ösüşi hemişelik endige öwürýär.
Öz-özüňi kämilleşdirmegiň 4 sany esasy sütüniÖzüňe tankydy göz bilen seretmek
Öz-özüňi kämilleşdirmegiň iň kyn bölegi — öz kemçilikleriňi kabul etmekdir. Diňe özüniň näme bilmeýändigini bilýän adam hakyky bilim alyp biler.”Meniň haýsy häsiýetim maksadyma ýetmäge päsgel berýär?” diýen soragy özüňize ýygy-ýygydan beriň. Başgalaryň siziň baradaky tankytlaryna öýkelemek däl-de, ondan ders çykarmaga synanyşyň.
Dünýäniň iň baý we üstünlikli adamlary (meselem, Bill Geýts ýa-da Warren Baffet) günde azyndan 1-2 sagat kitap okaýarlar. Kitap — başga biriniň onlarça ýyllap toplan tejribesini birnäçe sagadyň içinde özleşdirmekdir.
Üstünlik — bu bir barmaly nokat däl, ol her günki edýän saýlawlaryňyzyň netijesidir. Öz-özüňi kämilleşdirmek üçin “ertire” garaşmaň. Iň gowy pursat — şu wagt, iň gowy adam — siziň häzirki ösen nusgaňyzdyr.
Durdyýew Ysmaýyl
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 123-nji toparynyň talyby

RU












