Halkymyzda “Saglygym — baýlygym”, “Agzybire Taňry biýr” diýen pähimler bar. Bu jümleler ýöne bir aýdylan sözler däl-de, eýsem güýçli döwletiň we bagtyýar jemgyýetiň düýp formulasydyr. Sagdyn nesli terbiýelemek abadan durmuşyň girewi bolsa, abadan durmuş parahat geljegiň kepilidir.Her bir döwletiň iň uly baýlygy onuň binalary ýa-da tebigy serwetleri däl, eýsem sagdyn düşünjeli we berk bedenli adam durnuşydyr. Sagdyn nesil diýmek — diňe bir keselsiz beden däl, eýsem ruhy taýdan belent, bilimli we kämil ahlakly nesil diýmekdir.
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, döwrebap saglygy saklaýyş merkezleriniň gurluşygy hut şu maksada — geljegi gurjak sagdyn ýaşlary ýetişdirmäge gönükdirilendir. Sport bilen dostlaşan ýaşlar diňe bir özüni däl, tutuş milletiň abraýyny belende göterýärler.
Abadan durmuş — bu ynsanyň öz işinden, maşgalasyndan we ýaşaýan gurşawyndan kanagatlanmagydyr. Haçan-da adamda oňaýly ýaşaýyş şertleri, döwrebap bilim we zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikler bolanda, durmuşyň abadanlygy kemal tapýar.
Abadanlyk diňe bir maddy bolçulygy däl, eýsem içki asudalygy hem aňladýar. Her bir raýat öz döwletiniň hossarlygyny duýanda, onuň ertire bolan ynamy artýar. Bu bolsa jemgyýetde agzybirligi we bitewüligi berkidýär.Biz şu günki sagdyn neslimiz we abadan durmuşymyz bilen geljekki nesiller üçin parahat ýol açýarys. Parahatçylyk — bu ösüşiň badalga nokadydyr. Asuda asmanymyzyň astynda gurulýan ak mermerli binalar, amala aşyrylýan ägirt uly taslamalar biziň nurana geljegimiziň binalarydyr.
Parahatçylyk bar ýerinde döredijilik bar. Döredijilik bar ýerinde bolsa bagtly geljek bar.
Sagdyn nesil — biziň güýjümiz, abadan durmuş — biziň buýsanjymyz, parahat geljek bolsa biziň baş maksadymyzdyr. Bu üç düşünje birleşip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň keşbini emele getirýär. Goý, biziň asuda asmanymyzda geljegimiz üçin hyzmat edýän şeýle asylly işler egsilmesin!
Şiralyýew Meýlis
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 123-nji toparynyň talyby

RU












