Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň şäherlerinde, şäherçelerinde, obalarynda giňden we dabaraly bellenildi. Bagtyýar çagalar bezelen arçalaryň daşyndan gol tutuşyp aýlanýarlar. Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlary — meşhur estrada aýdymçylary, wäşiler, tans toparlary hem-de teatr artistleri täze aýdymlary, tansdyr sazly kompozisiýalary, dürli sahna oýunlaryny, çykyşlary taýýarlapdyrlar.
Täze ýyl biziň her birimiz üçin geçmişi, şu güni we geljegi, arzuwlary we täze maksatlary täsinlik bilen bir ýere jemleýän baýramçylykdyr. Bu gün ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky ertekiler şäherjigini Täze ýyl baýramynyň şowhuny gurşap aldy, meýdançanyň köpöwüşginli bezegi, bu ýerde ýaňlanýan aýdymdyr sazlar onuň şowhunyny has-da artdyrýar.
2025-nji ýylyň soňky minutlary şeýle dabaraly ýagdaýda tamamlandy. Şol minutlarda özümize we öz ýakynlarymyza eden ähli arzuwlarymyz hasyl bolsun!
Baýramçylyk feýerwerkiniň ajaýyp öwüşginleri Aşgabadyň asmanyny bezäp, özüniň dürli reňkleri bilen Täze ýyl gijesini ýagtylandyrdy. Goý, ýetip gelen 2026-njy ýyl bizi öňde goýan beýik maksatlarymyza ýetirsin, Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün! Täze ýylyňyz gutly bolsun!
Berdiýewa Leýla Durdymuhammedowna,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

RU












