Informatika — diňe bir kompýuterler bilen işlemek däl, eýsem maglumatlary ýygnamak, gaýtadan işlemek, saklamak we netijeli peýdalanmak boýunça giň mümkinçilikleri hödürleýän ylym bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy hem bu ugra aýratyn üns berýär. Mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda maglumat tehnologiýalary bilen bagly dersler giňden ornaşdyrylyp, ýaş nesliň sanly bilim düşünjesi ösdürilýär. Bu ugurda netijeli bilim almak üçin, mekdep okuwçylarynyň kompýuterler bilen üpjün edilmegi ýene-de bir buýsançly wakadyr.
Şeýle hem, döwletimiziň elektron hökümet ulgamyny ösdürmek ugrundaky işleri hem bu ýolda ädilen möhüm ädimleriň biridir. Döwlet hyzmatlarynyň elektron görnüşde elýeterli edilmegi, döwlet bilen raýatyň arasyndaky gatnaşyklary has netijeli we aç-açan edýär. Şeýlelikde, informatikanyň mümkinçilikleri halkyň durmuşyny ýeňilleşdirmek bilen birlikde, döwlet dolandyryş ulgamynyň hem kämilleşdirilmegine hyzmat edýär.
Türkmenistanyň telekommunikasiýa ulgamyndaky özgertmeler hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydyr. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň üsti bilen ýurdumyzda internet hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy, maglumat alyş-çalyş tizliginiň artdyrylmagy, täze aragatnaşyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy häzirki zaman sanly jemgyýetiň kemala gelmegine itergi berýär.
Umuman aýdanymysda, informatikanyň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň Türkmenistanda giň gerimde ösdürilmegi ýurdumyzyň ösüş strategiýasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ösüş halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, ýaşlaryň döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini açmaga, döwlet dolandyryşynyň döwrebaplaşmagyna we dünýä bilen aýakdaş gitmegine mümkinçilik berýär.
Şeýle ajaýyp zamanada okamaga, öwrenmäge, döretmäge kämil bilim almaga, häzirki zaman tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanmaga uly mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza kop sag bolsun we çäksiz alkyşymyzy aýdýarys.
Garlyýewa Gülaýym.
Halkara ynsanperwer ykymlary we ösüş uniwerstitetiniň Kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

RU












