«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýyl halkymyzyň ruhyalkynjylygyny belende göterýän, döwletimiziň ösüşleriniň täze tapgyryny alamatlandyrýan taryhy döwürdir.
Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen karara laýyklykda, 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edildi. Bu şygar Garaşsyzlygyň we hemişelik Bitaraplygyň döwletimiziň ösüş ýolundaky binýatlyk ýörelge hökmünde ornuny görkezýär, şeýle-de ýurduň ähli ugurlarda bedew bady bilen öňe barýan ösüşlerini beýan edýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler, halkymyzyň agzybirligi we döwletimiziň dünýä derejesindäki abraýy baky Bitaraplyk syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Şol syýasatyň netijesinde Türkmenistan halkara giňişlikde parahatçylyk dörediji, ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Täze ýylyň şygary hem hut şu ösüş ýolunyň dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar.
2026-njy ýylyň şygarynyň esasy maksady Garaşsyzlygyň gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmek, milli gymmatlyklary gorap saklamak, ýaş nesli watançylyk, milli buýsanç ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr. Şeýle-de Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly senesini mynasyp garşylamak bu şygaryň möhüm many-mazmunyny düzýär.
Işanowa Gülaýym,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

RU












