13-nji fewralda Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň ýurdumyza saparynyň barşynda Daşary işler ministrliginiň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Şolaryň barşynda esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminama gol çekildi.
Newanyň boýundaky şäheriň wekiliýetiniň Aşgabatda bolmagynyň maksatnamasyna A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebine baryp görmek çäresi, Sankt-Peterburgyň döredijilik toparlarynyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatryndaky konserti, myhmanlary paýtagtymyzyň ajaýyp ýerleri bilen tanyşdyrmak çäresi girizildi.
Türkmenistan we Sankt-Peterburg ikitaraplaýyn resminama gol çekişdi

RU












