Häzirki zaman dünýäsi maglumatlaryň çalt çalşylýan döwrüdir. Şeýle şertlerde birnäçe dili bilmek adam üçin diňe bir artykmaçlyk däl, eýsem zerurlyga öwrüldi. Dünýäniň iň täsirli dilleriniň biri bolan rus dili bolsa, Merkezi Aziýa halklary, aýratyn-da biz halkymyz üçin taryhy, medeni we ykdysady taýdan aýratyn orna eýedir. Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň baştutanlygynda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini, şol sanda rus dilini okatmagy kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän umumy bilim berýän mekdepleriň sany ýylsaýyn artýar. Şeýle hem, Aşgabat şäherindäki meşhur A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus mekdebi bu ugurda nusgalyk görelde bolup hyzmat edýär. Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy ýokary okuw jaýlary bilen Türkmenistanyň uniwersitetleriniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk, talyplaryň we mugallymlaryň özara tejribe alyşmagyna giň ýol açýar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan rus dili mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin yzygiderli okuw maslahatlary, halkara bäsleşikler guralýar. “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, rus dilini öwrenmekde iň döwrebap multimediýa tehnologiýalary, we sanly platformalar okuw prosesine giňden ornaşdyrylýar.

Rus dili — dünýäniň öňdebaryjy ylym dilleriniň biridir. Fizika, matematika, biologiýa we astranomiýa ýaly çylşyrymly ugurlarda iň täze maglumatlaryň ep-esli bölegi rus dilinde çap edilýär. Bu dilde erkin geplemek, Russiýanyň abraýly uniwersitetlerinde ýokary bilim almaga we halkara ylmy konferensiýalara gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar barha berkeýär. Nebit-gaz, gurluşyk we ulag pudaklarynda işleýän halkara kompaniýalar üçin rus dilini bilýän hünärmenler örän möhüm hasaplanýar. Rus dili arkaly Puşkiniň, Tolstoýyň, Dostoýewskiniň dünýä belli eserlerini asyl nusgada okamak mümkindir. Bu bolsa adamyň diňe bir akyl ukybyny däl, eýsem ruhy dünýäsini we medeni derejesini hem ýokarlandyrýar. Rus dilini öwrenmek — bu diňe bir täze sözleri ýat tutmak däl, eýsem özüňe täze mümkinçilikler dünýäsini açmakdyr. Türkmenistanda döredilýän giň şertler we häzirki zaman bilim ulgamy ýaşlarymyza bu dili kämil derejede öwrenmäge doly mümkinçilik berýär. Rus dili dünýäde iň köp gepleşilýän dilleriň biri bolup, ony öwrenmek türkmenistanly ýaşlar we hünärmenler üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň baştutanlygynda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini, şol sanda rus dilini okatmagy kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň rus dili mugallymy Hamraýewa Rana Ýakşikulyýewna