Dünýäni reňkli görmek we kabul etmek biziň üçin adaty zat. Emma sungat äleminde, aýratyn-da grafikada, reňksiz — diňe ak we gara reňkleriň utgaşmasy arkaly tutuş bir älemi janlandyrmak mümkindir. Reňkleriň ýoklugy grafikany garyplaşdyrmaýar, tersine, ol okyjynyň we tomaşaçynyň ünsüni iň esasy zada: forma, çyzyga, kölegä we duýga gönükdirýär.Reňksiz hem dünýäniň ähli gözelligini görkezip bolýandygyny grafika subut edýär.

​Reňksiz sungatyň iň uly güýji — kontrastdyr. Ak kagyzyň we gara syýanyň (ýa-da galamynyň) arasyndaky gapma-garşylyk dramatizmi döredýär. Reňk bolmasa-da, “chiaroscuro” (ýagty-kölege) tilsimi arkaly biz obýektiň göwrümini, onuň nireden ýagtylandyrylandygyny we nirede gizlenýändigini duýup bilýäris.Gara reňkiň goýulygy bilen ak reňkiň tämizligi biri-biriniň täsirini artdyryp, esere çuňluk berýär.

​Reňkleri aýranymyzda, biz zadyň içki gurluşyna has uly üns berýäris.

​Bir garry adamyň ýüzündäki  ýa-da bir agajyň gabygyndaky büdür-südürleri grafika arkaly bermek, reňkli surata görä has täsirli bolup bilýär.Birnäçe gyşyk çyzyk (hatching) ýa-da nokatlar (stippling) arkaly şemalyň hereketini, suwuň şyrtyldysyny we matanyň ýumşaklygyny beýan edip bolýar.

Reňksiz grafika köplenç has oýlandyryjy we pelsepewi häsiýete eýedir. Reňk biziň gözümizi “aldap”, hakyky manyny gizläp biler, emma grafika hakykatyň özüni görkezýär.Ak we gara reňkler wagtsyzdyr. Olara seredeniňde, döwür ýitýär we diňe pursatyň ruhy galýar.

Reňksiz surat okyja “reňklendirmek” üçin ýer goýýar. Her bir adam öz hyýalynda şol ak-gara dünýäni özüçe reňklendirip bilýär.

Meşhur suratkeşler köplenç esasy eserini döretmezden ozal grafika bilen meşgullanýarlar. Emma köpüsi grafikany özbaşdak, doly bahaly sungat hökmünde kabul edýär. Reňksiz eserlerde biz suratkeşiň galamynyň her bir hereketini, onuň titremesini ýa-da ynamlylygyny görýäris. Bu bolsa sungat eserini janly we adamy has ýakyn edýär.

Reňksiz dünýä — bu boşluk däl, eýsem manynyň iň ýokary konsentrasiýasydyr. Grafika subut edýär: gözellik — bu diňe reňkleriň köplügi däl, eýsem barlygyň iň süzülen, iň tämiz we iň dogry şekilidir.

​”Reňk gözüňi maýyl edýär, emma gara-gara çyzyklar kalbyňa ýol tapýar.”

Ymgyrowa Leýla

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby