Binagärlik — bu diňe bir jaý gurmak sungaty däl, eýsem adamzadyň ýaşaýyş gurşawyny taslamakdyr. Gadymy döwürlerde binagärler öz pikirlerini diňe kagyz ýüzündäki çyzgylar we kiçijik palçyk maketler arkaly görkezen bolsalar, şu günki sanly eýýamda binagärlik modelirlemesi bu pudagy düýpgöter üýtgetdi.
Binagärlik dizaýnynda modelirlemäniň iň uly ähmiýeti — bu öňünden görmek ukybydyr. 3D modeller arkaly binagär binanyň daşky keşbinini, gurluşyny we daşky gurşaw bilen sazlaşygyny iň uly takyklyk bilen görkezip bilýär.
3D model arkaly otaglaryň içindäki ýagtylygyň düşüşini, diwarlaryň arasynyň oňaýlylygyny we hatda penjireden görünjek tebigata hem öňünden baha berip bolýar.
Modeliň üstünde dürli gurluşyk materiallaryny (mermer, aýna, agaç) gezekli-gezegine goýup görmek arkaly, iň amatly dizaýn saýlanyp alynýar.
Häzirki zaman binagärliginde BIM (Building Information Modeling) — Binanyň maglumat modelirlemesi diýen düşünje öňe çykdy. Bu diňe bir 3D şekil däl-de, eýsem binanyň ähli maglumatlaryny özünde jemleýän sanly nusgasydyr.
Suw turbalarynyň, elektrik simleriniň we ýyldyş ulgamlarynyň bir-biri bilen çaknyşmazlygy sanly modelde barlanylýar. Model öz-özünden gurluşyk üçin näçe sement, demir ýa-da reňk gerekdigini hasaplap çykaryp bilýär.
Modelirleme gurluşykda goýberilip bilinjek ýalňyşlyklaryň 80-90%-ni entek düýp tutulmaka aradan aýyrýar. Bu bolsa:
Wagty tygşytlaýar.
Maliýe harajatlaryny azaldýar.
Binanyň seýsmiki durnuklylygyny we howpsuzlygyny takyk hasaplamaga kömek edýär.
Binagärlik dizaýnynda modelirleme — bu geljegiň binalaryny gurmak üçin iň ygtybarly guraldyr. Ol binagäriň hyýal güýjüni inženeriň takyklygy bilen birleşdirýär. Şonuň üçin hem häzirki zaman ýaş binagärleri üçin Revit, ArchiCAD ýa-da Rhino ýaly programmalary öwrenmek diňe bir talap däl, eýsem üstünligiň açarydyr.
Orazmuhammedowa Merjen
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby

RU



