Sungat — bu diňe bir gözellik döretmek däl-de, eýsem taryhyň we hakykatyň iň ygtybarly şaýadydyr. Nakgaşçylykda realizm akymy peýda bolan gününden bäri, suratkeşler dünýäni nähili bolsa, edil şonça-da takyk we dogruçyl görkezmäge çalşypdyrlar. Taryhy takyklyk bolsa, bu realizmiň iň ýokary we iň çylşyrymly basgançagydyr.

Realizm — bu sungatyň hyýaly we rowaýaty dünýäden hakyky durmuşa tarap äden uly ädimidir. Realist suratkeş üçin adaty adamyň durmuşy, zähmeti we töwerekdäki tebigat iň esasy mowzukdyr. Realizmde obýektler ähli detallary bilen çekilýär. Meselem, matanyň büdür-südürligi, adamyň ýüzündäki ýadawlyk yzlary ýa-da köne binanyň jaýryklary uly takyklyk bilen görkezilýär. Realist eserler tomaşaçyda “Men şu ýerde boldum” ýa-da “Men bu adamy tanaýaryn” diýen duýguny oýarýar.

​Taryhy temada eser döretmek nakgaşdan diňe bir zehin däl, eýsem uly ylmy taýýarlygy hem talap edýär. Suratkeş geçmişiň belli bir pursadyny janlandyranda, ol aşakdaky detallara üns bermäge borçludyr. Gahrymanlaryň geýýän lybaslary, ulanýan ýaraglary we gap-gaçlary şol döwrüň taryhy maglumatlaryna doly laýyk gelmelidir.Wakanyň geçýän ýeri — köşkler, galalar ýa-da öýler şol asyryň gurluşyk stiline görä şekillendirilýär.Portretlerde şol döwrüň adamlarynyň ýüz keşbi, olaryň durmuş ýörelgeleri we özlerini alyp barşy örän takyk berilýär.

Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda taryhy realizm uly orun tutýar. Meşhur suratkeşlerimiz taryhy gahrymanlarymyzyň (mysal üçin, Oguz han, Görogly, Magtymguly Pyragy) keşplerini döredenlerinde, taryhy çeşmelere we halkyň hakydasyna daýanypdyrlar. Taryhy söweşler ýa-da möhüm döwlet maslahatlary kenebiň ýüzünde şekillendirilende, olar biziň milli mirashunatlygymyzyň bir bölegine öwrülýär. Türkmen halylarynyň nagyşlary, zergärçilik önümleri we bedew atlaryň keşbi realizm arkaly dünýä sungatynyň genji-hazynasyna goşuldy.

​Tehnologiýanyň, meselem, fotosuratçylygyň ösmegine garamazdan, nakgaşçylykda realizm öz gymmatyny ýitirmeýär. Sebäbi nakgaş diňe bir kameranyň edip biljek işini däl, eýsem şol taryhy pursadyň ruhuny we duýgusyny hem kenebe geçirip başarýar.

​Realizm we taryhy takyklyk — bu geçmiş bilen geljegi birleşdirýän “janly aýnadir”. Bu akym arkaly biz taryhy diňe bir okaman, eýsem ony öz gözlerimiz bilen görüp we duýup bilýäris. Nakgaşyň her bir ştrihi taryhy hakykatyň iň wepaly sakçysydyr.

Halkara Senagatçylar we Telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 112-nji toparynyň talyby Gummanowa Şasenem

Toparyň ýolbaşçysy Allanazarowa Aýjahan