Sungat äleminde şeýle bir jümle bar: “Suratkeş kendire diňe bir reňk dökmeýär, ol ýere öz ömrüni dökýär.” Dogrudan hem, islendik çyzgy — meýilli çekilen bir ştrih bolsun ýa-da çylşyrymly bir eser bolsun — ol suratkeşiň şol pursatdaky içki dünýäsiniň, kalbynyň we ruhunyň kagyzdaky inçejik beýanydyr.Suratkeş galamyny eline alanda, ol diňe bir tehniki işi ýerine ýetirmeýär. Onuň barmaklarynyň hereketi kalbyndan gelýän duýgular bilen doly bolýar. Eger suratkeş şol pursat asuda we bagtly bolsa, onuň çyzyklary has ýumşak, ýyly we tolkunly bolýar.Eger suratkeşiň kalbynda bir gussa ýa-da tolgunma bar bolsa, onuň galamynyň ujy kagyza has kesgin, üzül-kesil we “gaharly” basylýar. Şonuň üçin hem çyzgy — suratkeşiň iň dogruçyl we “ýalan sözlemeýän” gündeligidir.Suratkeş kagyzyň ýüzüne çekýän her bir ştrihi arkaly tomaşaçy bilen öz gizlin syrlaryny bölüşýär.
Bir portretde göze goýlan kiçijik bir kölege suratkeşiň şol gahrymana bolan söýgüsini ýa-da haýran galmasyny aňladyp biler.Eseri synlaýan adam köplenç suratkeşiň çekende duýan tolgunmasyny özi hem duýup başlaýar. Bu bolsa suratkeşiň öz kalbynyň bir bölegini eser arkaly tomaşaça sowgat berýändigini subut edýär.Wagt akyp gidýär, emma suratkeşiň kagyza siňdiren ” bölegi” baky galýar.
Bäşim Nuralynyň mähiri, Yzzat Gylyjowyň joşguny olaryň eserlerinde heniz hem “ursa-ur” edip dur. Biz olaryň suratlaryna seredenimizde, diňe bir şekili däl, eýsem şol ussatlaryň kalbynyň ýylysyny duýýarys.Suratkeş ölse-de, onuň kalby öz döreden suratlarynda ýaşamagyny dowam edýär. Çyzgy — bu ölmez-ýitmezligiň iň näzik ýoludyr.
Her bir çyzgy — bu ýöne bir şekil däl, eýsem ynsan ruhunyň wizual görnüşidir. Suratkeş kagyza degiren her bir nokadynda özünden bir parça galdyrýar. Şonuň üçin hem sungat eserlerine seredenimizde, biz diňe bir “gözellik” görmän, eýsem başga bir ynsanyň — suratkeşiň biziň bilen gürleşýän kalbyny görýäris.Suratkeşiň saýlan reňk palitrasy arkaly onuň şol pursatdaky ruhy halatyny okap bolýar:
Gyzyl: Bu reňk diňe bir söýgini däl, eýsem içki joşguny, gahary, hatda käte howp duýgusyny hem aňladyp biler. Suratkeş kalbyndaky güýçli energiýany daşyna çykarmak islände, gyzyl reňk esasy orna geçýär.
Mawy: Asudalygyň, oýçullygyň we gussanyň reňki. Eger suratkeşiň kalbynda çuňňur bir oý ýa-da “murgap” ýaly durnukly bir parahatlyk bar bolsa, ol mawy reňkiň öwüşginlerine ýüzlenýär.
Sary: Umydyň, şatlygyň we intellektual energiýanyň simwoly. Bu reňk suratkeşiň geljege ynam bilen garaýandygyny we kalbynda gün şöhlesiniň bardygyny görkezýär.
Melewşe (Fioletowyý): Syrlylygyň we ruhanulygyň reňki. Suratkeş dünýäniň görünmeýän taraplaryny ýa-da özüniň gizlin hyýallaryny beýan etmek islände, melewşe reňki ulanýar.Suratkeşiň kalbynda käte iki dürli duýgy jedelleşýär. Bu ýagdaý eserde reňk kontrastlary arkaly ýüze çykýar.
Gara we Ak: Bu diňe bir ýagtylyk-kölege däl, eýsem gowy we ýaman, umyt we umytsyzlyk arasyndaky göreşdir. Suratkeş kalbyndaky tolgunmany we parahatlygy bir wagtda görkezmek islände, meselem, narandž (mämişi) we gök reňkleri birleşdirýär. Bu tomaşaçyda içki bir dinamika, hereket duýgusyny oýarýar.Suratkeşiň gaty tolgunýandygyny, hatda käte gynamasyny ýa-da gaty uly hyjuwyny beýan edýär.Suratkeşiň kalby — bu äpet bir prizma meňzeýär. Ol dünýäden alýan täsirlerini şol prizmadan geçirip, reňkli şöhleler hökmünde kenebe dökýär. Şonuň üçin hem bir surata seredenimizde, “Bu reňkler maňa ýaraýar” diýenimizde, aslynda biz suratkeşiň şol pursatdaky kalbynyň reňki bilen öz ruhumyzyň sazlaşyk tapandygyny aýtmak isleýäris

RU



