Wagt — durmak bilmeýän, üznüksiz akyp duran deryadyr. Emma şol deryanyň akymyny sähel pursatlyk duruzmaga, bir pursady bakylyga öwürmäge ukyply ynsanlar bar. Olar — suratkeşler. Suratkeş diňe bir reňkleri ulanýan adam däl-de, eýsem wagty kenebiň ýüzünde “bendilige” alýan hakyky jadygöýdür.Günüň ýaşyşyndaky gyzyl öwüşgin, bir adamyň ýüzündäki pinhany ýylgyryş ýa-da güýz paslynyň düşýän ýapragy… Bular birnäçe sekundyň içinde ýitip gidýän pursatlardyr. Emma suratkeş şol pursadyň içindäki gözelligi görýär we ony öz galamy ýa-da çotgasy arkaly kagyza geçirýär.Suratkeşiň çeken suratynda şol pursat ýitmeýär. Onlarça ýyldan soň hem şol pursat edil şol täzeligini saklaýar.

​ Biz taryhy şahsyýetleriň ýa-da gadymy şäherleriň keşbini diňe bir taryhy kitaplardan däl, eýsem şol döwürde wagty “duruzmagy” başaran suratkeşleriň eserlerinden öwrenýäris.

​Suratkeş diňe bir fiziki wagty däl, eýsem ynsan duýgusyny-da wagtyň içinden saýlap alýar. Bir portrete seredenimizde, biz şol adamyň diňe bir keşbinini däl, eýsem onuň şol pursatdaky şatlygyny, hasratyny ýa-da oýçullygyny görýäris.

Suratkeş wagty duruzmak arkaly bizi gahrymanyň içki dünýäsine syýahata çagyrýar.Ýapragyň üstündäki çyg damjasy ýa-da adamyň gözündäki uçgun — suratkeş üçin wagtyň iň gymmatly bölekleridir.

​Wagty duruzmak — bu ony diňe saklamak däl, eýsem ony geljege ibermekdir. Suratkeş öz döwrüniň ruhuny, medeniýetini we tebigatyny kenebe geçirip, geljekki nesiller üçin “wagt kapsulasyny” döredýär.

​Wagtyň we giňişligiň sazlaşygy-Nakgaşçylyk eserlerine seretmek — wagtyň yzyna dolanyp, başga bir döwrüň howasyny almak diýmekdir.

Suratkeş — wagtyň we gözelligiň sakçysydyr. Ol bize “Saklan, pursat, sen örän ajaýyp!” diýmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin hem, her bir sungat eseri wagtyň akymyna garşy dikilen beýik bir binadyr.

Halkara Senagatçylar we Telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 112-nji toparynyň talyby Ataýew Aşyrmuhammet
Toparyň ýolbaşçysy Allanazarowa Aýjahan