Ylham çeşmeleri, durnuklylyk we döredijilik azatlygy

​Suratkeşlik — bu diňe bir hünär däl, eýsem dünýäni başgaça görmegiň we ony täzeden döretmegiň ýoludyr. Emma bu ýolda suratkeşiň iň uly daýançlary bolan üç sany sütün bar: ylham, durnuklylyk we azatlyk. Bular biri-biri bilen göze görünmez ýüpler arkaly baglanyşyp, hakyky sungat eseriniň dünýä inmegine sebäp bolýar.

​Ylham — bu suratkeşiň kalbyna düşýän ýyldyrym ýalydyr. Ol duýdansyz gelip biler, emma köplenç suratkeş ony töweregindäki dünýäden “awy ÿaly” gözläp tapýar. Sähranyň sergin şemaly, daglaryň dumanly depeleri ýa-da günüň ýaşyşyndaky reňk oýny suratkeş üçin tükeniksiz ylhamdyr.Bir adamyň gözlerindäki oýçullyk, garrynyň ýüzündäki ýygyrtlar ýa-da çaganyň bilesigelijiligi suratkeşiň galamyny herekete getirýär.Gadymy nagyşlar, eposlar we taryhy wakalar suratkeş üçin wagtyň aňyrsyndan gelýän güýçli ylham çeşmesidir.

Köp adamlar sungat diňe “ylham gelende” döredilýär diýip pikir edýärler. Emma hakyky ussatlyk durnuklylykda we yzygiderli zähmetdedir. Suratkeş her gün galamyny eline almalydyr. Käte ylham gelmeýän wagty hem işlemek — ussatlygyň durnuklylygyny saklaýar.

​Kendiriň ýüzündäki her bir ştrih käte nakgaşyň isleýşi ýaly bolman biler. Emma durnukly suratkeş ýalňyşlaryndan öwrenip, täzeden başlamagy başarýan adamdyr.Suratkeşiň öz ugruna bolan ynamy we durmuşyň kynçylyklaryna garamazdan öz eserini döretmegini dowam etmegi, onuň sungatdaky bakylygyny üpjün edýär.

​Döredijilik azatlygy — bu suratkeşiň hiç hili galyplara sygman, dünýäni özüçe beýan edip bilmek hukugydyr. Azatlyk bolmasa, sungat “janly” bolup bilmeýär.Azat  erkin suratkeş başgalarynyň yzyndan gitmän, öz täze dünýäsini gurmaga çekinmeýär.

Mawy reňkli at çekmekmi ýa-da asmany sary reňke boýamakmy? Döredijilik azatlygy suratkeşe mümkin däl zatlary mümkin etmäge rugsat berýär. Hakyky sungat eseri suratkeşiň ruhy taýdan iň erkin, iň “özüçe” bolan pursadynda döreýär. Bu azatlyk okyjyny we tomaşaçyny hem özüne bendi edýär.

​Suratkeşiň ýoly — bu ylham bilen tapylan pikiri, durnuklylyk bilen kenebe geçirip, ony döredijilik azatlygy arkaly bütin dünýä sowgat etmekdir. Bu üçlük sazlaşan ýerinde bolsa, wagt bilen bäsleşip biljek beýik sungat eserleri döreýär.

Halkara Senagatçylar we Telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 112-nji toparynyň talyby Durdymyradow Orazgeldi
Toparyň ýolbaşçysy Allanazarowa Aýjahan