Wagt — bu adama berlen iň gymmatly, ýöne gaýtarylmaz baýlykdyr. Ony nähili ulanýandygymyz, durmuşymyzyň hilini we gazanjak üstünliklerimizi kesgitleýär. Köpimiz “Wagtyň ýetmeýäninden” şikaýat edýäris, emma hakykatda mesele wagtyň azlygynda däl-de, ony dolandyrmagy (Time Management) bilmezligimizdedir.
1. Eyzenhauer matrisasy: Möhümmi ýa-da gyssagly?
Amerikanyň prezidenti tarapyndan oýlap tapylan bu usul, işleriňizi dört topara bölmäge kömek edýär. Bu usul wagtyňyzy ownuk-uşak zatlara däl-de, hakyky netije berjek işlere sarp etmegiňizi üpjün edýär.
Derrew etmeli (Meselem: Ertirki synag, gyssagly lukman belligi).
Meýilleşdirmeli (Meselem: Daşary ýurt dili, sport, geljekki maksatlar). Iň köp wagt sarp etmeli ugruňyz şudur!
Başga birine tabşyrmaly (Meselem: Gereksiz jaňlar, käbir hatlar).
Mundan gaçmaly (Meselem: Sosial ulgamlarda biderek wagt geçirmek).
Beýni uzak wagtlap bir zada ünsüni jemlemekde kynçylyk çekýär. “Pomodoro” usuly işi böleklere bölmegi teklip edýär.
25 minut diňe bir iş bilen meşgullanuň (telefony aýryň!).
5 minut dynç alyň.
Bu aýlawy 4 gezek gaýtalaň, soňra 15-30 minutlyk uly arakesme ediň.
Bu usul hem işiň öndürijiligini artdyrýar, hem-de beýniniň çalt ýadamasynyň öňüni alýar.
Mark Twen şeýle diýipdir: “Eger her gün irden bir janly gurbagany iýseňiz, günüň dowamynda mundan erbet zat başyňyza gelmez.”
Bu ýerdäki “gurbaga” — siziň iň kyn, iň ýakymsyz, ýöne iň möhüm işiňizdir. Ony agşama goýman, irden ýerine ýetirseňiz, günüň galan böleginde özüňizi ýeňil we ruhubelent duýarsyňyz.
Wagty tygşytlamagyň 3 sany kiçijik “ogrusy”Minut düzgüni
Eger bir işi ýerine ýetirmek üçin 2 minutdan az wagt gerek bolsa, ony meýilleşdirip oturman, hut şu wagt ediň. (Meselem: Gap-gaçlary ýuwmak, gysgaça jogap ýazmak, ýeriňizi ýygnamak). Bu ownuk işleriň üýşüp, uly “gar topuna” öwrülmeginiň öňüni alar.
5. Dynç almak — bu hem işiň bir bölegidir
Wagt dolandyryşy diňe bir yzygiderli işlemek däl, eýsem hilli dynç almagy hem aňladýar. Wagtynda ukyňyzy almasaňyz we dynç almasaňyz, işiňiziň netijeliligi peseler we 1 sagatlyk işi 3 sagatda zordan gutararsyñyz.Wagtymyzy dolandyrmak — bu durmuşymyzy dolandyrmakdyr. Şu günki dogry sarp edilen her bir sagat, ertirki bagtly we üstünlikli durmuşyňyz üçin goýlan maýa goýumdyr.

RU






