Golaýda, Daşoguz welaýatynyň kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň, Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň gurnamaklarynda kitap okamak we onuň adam durmuşyna edýän täsiri, ähmiýetini düşündirmek maksady bilen orta mekdepleriň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Meniň okan kitaplarym», «Indi okajak kitaplarym», «Türkmenistan —- Bitaraplygyň mekany» atly şertlerden ybarat bolan bäsleşigiň Daşoguz şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşik örän çekeleşikli bolup, onda orta mekdeplerden gelen okuwçylar öz aralarynda edebiýat, dessanlar, döredijilik bilen baglanyşykly kitaplardan taýýarlan eserleri bilen bäsleşdiler. Netijede, 1-nji orna 26-njy orta mekdep, 2-nji orna 12-nji orta mekdep, 3-nji orna 25-nji orta mekdepleriň okuwçylary mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan okuwçylara jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hormat hatlary we höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.
Täzegül Gurbangylyjowa,
Görogly etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň mugallymy

RU












