Iňlis mekdepleriniň üçüsinde mugallymlar, ylmy tejribe hökmünde, sapaga girilende döşüne
wideoýazgy edýän enjam dakyp başladylar. Bu tejribäniň netijesinde okuwçylaryň tertip-
düzgüniniň berkeýändigi anyklanyldy – diýip, Schools week saýty habar berýär.
Döşi wideokameraly mugallymlaryň eşiginde wideoýazgy edilýändigi hakynda bellik hem
bar. Sapaga wideokameraly girip başlanymyz bäri biz, aýda bir dagy bolaýmasa, dawa-
jenjel, klasdaky bitertiplik ýaly zatlar bilen juda az ýüzbe-ýüz bolýarys – diýip, Londonyň
mekdepleriniň biriniň müdiri Larri Dewis gürrüň berýär. Onuň aýtmagyna görä, okuwçylar
indi özlerini has tertipli we salykatly alyp barýarlar. Çünki olar indi özleriniň ters
hereketleriniň ýazgy ediljekdigini bilýärler. Ýeri gelende bellesek, häzire çenli wideoýazgy
edilmegi bilen bagly okuwçylar tarapyndan hiç hili arz-şikaýat, nägilelik ýüze çykmandyr.
Döşe dakylýan kameralaryň biriniň bahasy 249 funta barabar. Şeýle hem mekdepler ýazga
düşürilen kadrlaryň saklanmagy üçin aýda 15 funt töleýärler.
Mugallymlar sapaga wideo ýazýan enjamly girmäge başladylar
