«Türkmenistanda wezipeli adamlary we döwlet gullukçylaryny wezipä bellemegiň hem-de wezipeden boşatmagyň tertibini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 21-nji iýunynda çykaran 374-nji Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Baýmyrat Ilmyradowiç Annamämmedow we Mergen Aýmuhammedowiç Orazow — senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasarlary wezipesine bellenildi.