Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çejen Kararyna laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine guramaçylyk hukuk görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara we guramalara, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara-hususy telekeçilere elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary bellenen tertipde döretmegi, işe girizmegi we olaryň yzygiderli işjeň täzelenip durulmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Işlere 2020-nji ýylyň mart aýynda başlamak we elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary 2021-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli işe girizmek bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, elektron senagatyny ösdürmek üçin 2019-njy ýyldan başlap ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň orta möhletli konsepsiýasynyň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Döwlet Baştutany IT-hyzmatlarynyň ählumumy elýeterliligini üpjün etmegiň onuň möhüm wezipeleriniň biridigini aýtdy.