Hytaý koronawirusyň täze görnüşine garşy öňünden netijeli täsiri görkezýän sanjymy taýýarlady, bu barada HHR-niň russiýadaky ilçisi Çžan Hanhueý habar berýär.

Ilçiniň aýtmagyna görä, hytaý alymlary koronawirusyň üç ölçegli häsiýetnamasyny ýüze çykardylar, bu bolsa sanjymy taýýarlamak üçin gowy esas bolup hyzmat edýär. “Hytaýda eýýäm immuniteti görkeziji sanjymy işläp taýýarladylar. Ýöne bu başlangyç netijeler, heniz dowamly barlaglary geçirmek we gutarnykly amal etmek işleri zerur” – diýip, Interfaks diplomatyň sözlerini getirýär.

Ilçi hytaý dermanlarynyň umumy netijeliliginiň 85%-den ýokarydygyny hem aýtdy.

Fewral aýynyň ortalarynda koronawirusa garşy sanjymlaryň käbirleri haýwanlarda testden geçirilip başlandy. Adamlarda kliniki synag etmeler aprelden öň başlamaz, bu barada saglygy goraýyş boýunça Milli komitetiň ýolbaşçysynyň orunbasary Szen Isin mälim etdi.

Saglygy goraýşyň Bütindünýä guramasynyň müdiri Sumii Swaminatanyň aýtmagyna görä, adamlarda koronawirusa garşy sanjymlar dört-bäş aýdan testden geçirilip başlanar. Ol häzirki wagtda birnäçe sanjymlaryň taýýarlanýandygyny, ýöne testden geçirmek üçin olardan diňe biriniň ýa-da ikisiniň saýlanyljakdygyny hem belläp geçdi.

Soňky maglumatlar boýunça, COVID-2019 bilen kesellänleriň sany Hytaýda 77 müňden geçdi, 2592 adam bolsa ýogaldy.

Çžan Hanhueý öň hökümetiň wirusy ýurduň ähli territoriýasynda mart aýynyň ahyryna çenli “ýeňjekdigini” hem aýdypdy.