Italiýanyň esasy futbol ligasy bolan Serie A-da koronowirusyň ýurtda çalt ýaýraýanlygy sebäpli, 6 oýun tomaşaçysyz geçiriler. Bu çäklendirme Italiýanyň Sport we Ýaşlar ministri Winçenzo Spadafora tarapyndan girizildi.

– Italiýanyň demirgazyk böleginiň köp ýerlerinde sport çäreleri togtadyldy. Şoňa laýyklykda, oýunlar soňa goýulman, olar tomaşaçysyz geçirilmeli diýlen karara geldik – diýip, Spadafora belläp geçýär.

Bu barada Italiýanyň Ýuwentus futbol klubunyň prezidenti Andri Agnelli: «Häzirki wagtda baş maksat – halkyň saglygynyň goralmagy. Şonuň üçin gelnen bu karary ýalňyş hasaplamok» diýip, beýanat berdi.

Tomaşaçysyz oýnaljak oýunlar, ynha, şular:

Udineze – Fiorentina;

Milan – Ženoa;

Parma – Spal;

Sassuolo – Breşiýa;

Sampdoriýa – Hellas Werona;

Ýuventus – Inter.

 

«Newashgabat».