2000-nji ýyllarda uly meşhurlyga eýe bolan Nokia 5310 XpressMusic telefony “täzeden doglar”. HMD Global kompaniýasy bu modeli ýaňadan öndürip başlamagy meýilleşdirýär – diýip, “SuomiMobiili” habar berýär.

Telefonyň täzeçe wersiýasynyň suratlary Hytaýyň TENAA telekommunikasyýa enjamlary üçin sertifikat merkezi tarapyndan paýlaşyldy.Telefon adatdakysyndan diňe sazlary çalyşmak üçin ýörite düwmeleriň ýoklugy bilen tapawutlanar.

Ol 240 × 320 piksel durulykda 2,4 dýuým täzelenen enjam bilen enjamlaşdyryldy. RAM-yň möçberi 8 MB bolar, telefonda 16 megabaýtlyk içerki fleş disk hem bolar (ony mikro SD kartasyny ornaşdyrmak arkaly ulaldyp bolar). Şeýle hem onuň yzky panelinde ýerleşjek kameranyň ölçeginiň 0,3 megapiksel boljakdygy aýdylýar. Bulardan daşary, telefonda SIM kartalar üçin iki ýeri bolar.