Portugaliýaly hüjümçi Kristiano Ronaldonyň ejesi Dolores Aweýro insult geçirdi diýip, “tvi24” habar berýär.

Futbolçynyň ejesi Madeiradaky Funçal keselhanalarynyň birinde keselhanda operasiýa edildi. Häzir ol huşuna geldi we indi lukmanlar Aweýronyň ýagdaýyna durnukly baha berýärler. Şeýle-de bolsa, lukmanlar insultyň netijeleriniň agyrlygyny kesgitlemek üçin ýene birnäçe synaglary geçirerler.

Aweýronyň özüniň aýtmagyna görä, ol 2019-njy ýylda gaýtadan döş rak keseli bilen keselläpdir. Onuň ilkinji operasiýasy 2007-nji ýylda geçirildi diýip, çeşmede ýatlap geçilýär.