Ýurdumyzda sanly ulgama geçmek ugrunda alnyp barylýan işleriň hatarynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan raýatlarymyza oňaýly şertleri döretmek maksady bilen Türkmen teatrlary atly web-saýty we ykjam programmasy döredildi.  Indi ýurdumyzdaky teatrlarda ýa-da Döwlet sirkinde görkezilýän sahna oýunlaryna tomaşa etmek üçin petek satyn almaga ýörite baryp, nobata durmak zerurlygy ýok. Internediň bar bolan islendik nokadyndan bu işi amala aşyryp bilersiňiz!

Ony nädip amala aşyrmaly diýýäňizmi? Bu iň aňsady. Elektron bilet satyn almak üçin size internet toruna birikdirilen kompýuter ýa-da programma üpjünçiligi bolan ykjam telefon gerek bolup durýar. Kompýuterlar üçin www.turkmenteatrlary.gov.tm saýtynda elektron bilet almak mümkinçiligi ýola goýlan bolsa, ykjam telefonlar üçin operasion sistemasyna laýyklykda «Türkmen teatrlary» atly ýörite ykjam programmasy işlenip düzüldi. Ykjam programmany android operasion sistemalar üçin «Google play»-dan, IOS operasion sistemalar üçin bolsa «App store»-den alyp, telefonlaryňyza gurnap bilersiňiz.

Ol ädimleri ýerine ýetirdik. Indiki ädim – elektron petegi satyn almak. Elektron petegi satyn almakda müşderä döredilýän aýratynlyklar şular:

  • Teatr saýlamak;
  • Sahna oýunlary saýlamak;
  • Oýunlara degişli suratlary görmek;
  • Öz islegiňize görä oturjak ýeriňizi saýlamak;
  • Oýnuň senesini, wagtyny anyklamak.

Bu sanalanlar elektron petek satyn alynmanka döredilýän intensiw mümkinçilik. Satyn alnan petegiň elektron nusgasy ykjam programmanyň «Peteklerim» bölüminde saklanýar we elektron poçtaňyza ugradylýar. Şunluk bilen siz petegiňizi unutmak ýaly bökdençliklerden hem halas bolarsyňyz. Teatra baranyňyzda öz ykjam telefonlaryňyz arkaly satyn alan petekleriňizi görkezmeli. Kassir elektron petekleri özündäki ýörite planşetiň üsti bilen hasaba alýar. Şonuň esasynda hem sizi degişli ornuňyza ugradýar.

Indi, biletleri nädip satyn almalydygy barada durup geçeliň. Bu-da size nätanyş däl bolsa gerek. Sebäbi bu – demir ýol menziline elektron petek alnyşy bilen meňzeş. www.turkmenteatrlary.gov.tm web-saýtynda ýa-da onuň ykjam programma ulgamynda ýerleşdirilen, görkeziljek sahna oýunlarynyň gapdalynda «Petek» düwmesi ýerleşdirilen. Şol düwmä basyň, netijede teatrdaky orunlaryň sanawy çykar. Özüňize gerek orny saýlap, şahsy maglumatlary girizip, töleg şertlerini berjaý edip bilersiňiz. Onuň üçin size bank kartynyň maglumatlary, cvc kody, sms habar hyzmatynyň birikdirilmegi ýaly zerurlyklar gerek bolup durýar.

Döwrüň talabyna laýyk täze tendensiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň teatrlarynyň we Döwlet sirkiniň hödürleýän sahna oýunlarynyň bildirişlerini bir ulgama jemlemek we oýunlaryň peteklerine eýe bolmak üçin, her bir adam tarapyndan tapylgysyz gymmatlyk hasaplanýan wagty tygşytlamak bolup durýar. Bu ulgam teatr sungatyna tomaşaçylary has köp çekmekde hem örän uly ähmiýete eýedir.

 

«Newashgabat».