Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge uly üns berilýär. Türkmen halysy halkymyzyň ajaýyp arzuwlarynyň, mähir muhabbetiniň belent owazly aýdymydyr. Ol ata-babalarymyzyň geçen şöhratly durmuş ýollaryny reňkleriň sazlaşygynda beýan edýän jadyly sungatdyr. Türkmen halysy ýeňişleriň ak ýolundan bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň, ajaýyp türkmen tebigatyna çalymdaş giň dünýägaraýyşly halkymyzyň gözellik mukamydyr. Türkmen halysy ynsan kalbynyň joşa getirýän gudratdyr, türkmeniň öz milletine, diline, dinine, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsiniň nyşanydyr. Türkmen halysy milletiniň köňlüniň hem öýüniň törüniň bezegi ýaraşygydyr.
Bu ajaýyp sungatyň gadymy nusgalary gorap saklamak barada uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda täze çeper halyçylyk kärhanalary gurlup, ulanmaga berilýär. Ýakyn günlerde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary we mugallymlary bilen bilelikde “Türkmen haly” döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynda tejribelik sapagy geçirildi. Bu ýerde talyp ýoldaşlarymyz bilen bilelikde ussat halyçy gelin-gyzlar bilen söhbetdeş bolup, milli haly sungatynyň inçe syrlary barada, olaryň nahili tilsimlerde dokalýandygyny, ownuk böleklere bölüp, taslamalaryň hala geçiriliş usulyny synladyk we täze döwrebap haly we haly önümleriniň görnüşleri bilen tanyşdyk.
Türkmen halylary özüniň berkligi, dokalyşynyň nepisligi, nagyş we reňk öwüşginleriniň aýratynlygy bilen dünýä ýurtlarynyň halylaryndan düýpli tapawutlanýar. Olaryň nagyşlarynda esasan ösümlikler, haýwanlar, durmuş esabaplary şekillendirilipdir. Halkynyň halyçylyk sungaty asyrlaryň dowamynda timarlanyp, nepislenip, kämilleşip gelýär we XX asyryň türkmen halyçylyk sungatynda nusgawy halylardan başga-da kämil nakgaşçylyk eserleri şekilli halylar we haly portretleri hökmünde çitime geçirilip başlaýar. Şekilli halylarda geçmişiň belli şahsyýetleri, tematik sýužetli we bina şekilli kompozisiýalar hem dokalyp başlanýar. Türkmen halyçylyk sungatynda ulanylýan usullary, tilsimleri bozman we ýitirmän şekilli halylary döretmek häzirki döwrüniň sungatynyň çägini giňeldýän we baýlaşdyrýan täzelikdir.
Ilamanowa Nurjemal,