Paragwaýyň kazyýeti Braziliýanyň futbol ýygyndysynyň öňki oýunçysy 39 ýaşly Ronaldinýony tussag etdi. Rowaýaty futbolçy galp paragwaý pasporty bilen ýurda girmäge synanyşmakda aýyplanýar. Bu barada BBC habar berýär.

Waka 5-nii martda bolup geçdi. Ronaldinýo bilen onuň dogany bilen Paragwaýa girenlerinde, serhet gözegçiligine paragwaý pasportyny görkezipdirler. Soň ol pasportlaryň galpdygy ýüze çykarylypdyr.
Baryndan beter, olar serhetden brazil pasporty bilen hem geçip biljek ekenler. Soňra prokuratura işgärleri futbolçynyň ýerleşen myhmanhanasyna gelip, türgeni alyp gitdiler hem-de  8 sagatlap sorag etdiler. Şondan soň prokuroratura Ronaldinýonyň tussag edilmegi üçin kazyýete towakganama ugratdy.

Paragwaý häkimiýeti futbolçynyň paragwaý pasportyny almak üçin zerur bolan prosedurany geçmändigini tassyklaýar. Sportçynyň aklawçylary bolsa pasportyň oňa sowgat berlendigini aýdýarlar.

Ýeri gelende ýatlap geçsek, Ronaldinýo 2000-nji ýyllaryň başynda tanymallyga ýetdi. 2002-nji ýylda ol Braziliýanyň ýygyndy topary bilen Dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy. 2004-nji we 2005-nji ýyllarda bolsa dünýäniň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Ronaldinýo