6-njy martda “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp gyzlaryň arasynda geçirilýän “Talyp gözeli – 2020” bäsleşiginiň döwlet tapgyry boldy. Her ýyl Halkara zenanlar gününe gabatlanyp geçirilýän bu bäsleşigi Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, şeýle-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde guraýar.

“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda bu bäsleşige onuň deslapky tapgyrlarynyň ýeňijileri bolan talyp gyzlaryň jemi 21-si gatnaşdy. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, olar ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleri, türkmen ýaşaýşyna muwapyk däp-dessurlary, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy, gyz edebini, ene-mamalarymyzdan miras galan halyçylyk, keşde etmek, gaýma gaýamak ýaly inçe hünärleri, el işlerini goşgudyr aýdymlar, şahyrana oýlanmalar arkaly wasp etmek, ol hünärlerde öz başarnyklaryny açyp görkezmek, türkmen gelin-gyzlarynyň milli lybaslaryny mahabatlandyrmak, egin-eşik geýmegiň döwrebap nusgalaryny görkezmek ýaly ugurlarda öz zehindir ukyplaryny aýan etdiler. Bulardan başga-da olar türkmen milli tagamy bolan unaşy sünnäläp kesmek boýunça hem öz ukypdyr tejribelerini görkezdiler.

Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, bäsleşikde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Arzuw Annaberdiýewa baş baýraga, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Bossan Mürzäýewa 1-nji orna, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Jennet Ataýewa 2-nji orna, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 2-nji ýyl talyby Enegyz Annabaýewa bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 1-nji ýyl talyby Mähriban Bäşimowa bolsa 3-nji orna mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylyk topary tarapyndan taýýarlanylan sowgatlar, Diplomlar we Hormat hatlary, işjeň çykyş edenlere bolsa höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Aýmyrat PIRJIKOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň
žurnalistika hünäriniň talyby.