Boksuň rowaýaty gahrymany Floýd Meýwezer Deonteý Uaýlder bilen işleşmäge taýýardygyny mälim etdi.
«Deonteý meniň bilen işleşse, Fýurini hökman ýeňip biler. Ol biziň türgenleşigimize goşulsa, onda hakyky ýeňijiniň ruhy dörär we çempionlyk guşagy ýene onuňky bolar» diýýär, ýeňilmezek Floýd.
Ýatladyp geçsek, Deonteý Uaýlder bilen Taýson Fýuri ilkinji gezek 2018-nji ýylyň 2-nji dekabrynda ringa çykdylar. Bu tutluşykda Uaýlderiň üstünligi görnetin ýüze çyksa-da, Fýuriniň utuk sanynyň köpdigi sebäpli, eminleriň gelen kararyna görä, deňme-deňlik yglan edilipdi. Iki güýçli garşydaş şu ýylyň 23-nji fewralynda hem güýç synanşyp, tehniki nokaut bilen Taýson Fýuri ýeňişini baýram etdi.
Ýeňlen tarapyň talap bildirmeginde, bularyň arasynda ýene bir tutluşyk güni resmi taýdan bellenildi. Ol hem şu ýylyň 18-nji iýulynda bolar.
31 ýaşly Fýuriniň karýerasynda 30 ýeňiş, 1 deňligi bar we heniz ýeňilmegiň nämedigini bilenok. 44 tutluşykda 42 ýeňiş we 1 deňligi bolan 34 ýaşly Uaýlder, karýerasyndaky ilkinji ýeňlişini Taýson Fýuridan aldy. 42 ýeňşiň 41-siniň nokaut bilen alnandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
«Newashgabat».