Türk kinorežissýorlar tarapyndan Horezmşalar döwletiniň hökümdary Jelaleddin Meňburun hakynda film surata düşüriler.  Film 2 möwsümden, 26 bölümden ybarat bolar. Filmiň esasy rollarynda türk aktýorlary oýnar. Özbek aktýorlary bolsa goşmaça epizodlarda surata düşer. Baş roly ýerine ýetirmeli aktýor henize çenli saýlanylmady. Filmiň surata düşürilmegi üçin 7 million amerikan dollary möçberinde maýa goýum goýuldy.

Maglumat üçin, Jelaleddin Meňburun 1199-njy ýylda Horezmde doglup, 1169-1220-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen beýik şahsyýet. Ol 1200-12020-nji ýyllarda Horezm sebitiniň hökümdary Alaýeddin Muhammet II-iň ogly. 1220-nji ýylda kakasy ýogalandan soň, 1221-nji ýylyň fewralynda Horezmşalar döwletiniň tagtyna eýe çykýar we bu ýurdy 10 ýyl dolandyran iň soňky hökümdar hasaplanýar. Jelaleddin Mongol basybalyjylaryna garşy söweşde gaýtalanmajak edermenlik görkezdi we 1231-nji ýylda 31 ýaşynda jansyzlar tarapyndan öldürildi.

Häzirki wagtda 1-nji möwsümini surata düşürip başlamak üçin degişli işler alnyp barylýar.

«Newashgabat».