«Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygyny bellemek üçin uly göwrümli taýýarlyk işleri dowam edýär we onuň ýatyrylmagy barada gürrüň ýok» – diýýär, Peskow.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 9-njy maýda geçiriljek Ýeňiş paradyny koronawirus sebäpli ýatyrmak ýa-da çäklendirmek barada kararyň ýoklugyny belläp geçdi. Şeýle hem Peskow Russiýa Federasiýasy üçin möhüm waka bolan bu çärä daşary ýurtly myhmanlaryň köpüsiniň çagyrylandygyny we olaryň köpüsiniň geljekdigini tassyklady.

«Çärä taýýarlyk işleri gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Parady ýatyrmak barada hiç hili gürrüň gozgalanok. Bu gaty uly çäre. Biz bu tabşyrygy soňuna çenli alyp bararys» – diýip, Dmitriý Peskow žurnalistlere beýanat berýär.

Ýatladyp geçsek, Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanyň birnäçe gün mundan ozal paýtagtda köpçülikleýin çäreleri çäklendirmelidigi hakynda karar kabul edipdi.

Dabaraly ýörişe 20-den gowrak döwlet Baştutanynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

 

«Newashgabat».