“Apple” bilen baglanyşykly “içerki işgärler” geljekde çykarylmagyna garaşylýan iPhone 12-niň hakyky öndürijiligi barada maglumat berdiler. Maglumata görä, onuň üstümizdäki ýylyň güýzünde tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Bu barada Lenta habar berýär.
Habar berlişi ýaly, iPhone 12 Taýwan TSMC kompaniýasy tarapyndan 5 nanometrlik prosessoryň kömegi bilen öndürilmegi meýilleşdirilýän “Apple A14” ulgamyna eýe bolar. Bu mobil täzelik eýýäm Geekbenchde synap görüldi. “Apple A14 SoC” platformasy bu inçe synagda bir sapakly režimde-hä 1,658 bal, ähli ýadrolar ulanylanda bolsa 4612 bal gazandy. Şeýlelikde, onuň 3 GGs-den ýokary iş ýygylygy bolan ARM-e esaslanan ilkinji ykjam prosessor bolmagy hem mümkin.
Çykaryna sabyrsyzlyk bilen garaşylýan iPhone 12-niň premýerasy sentýabr aýynda bolar. Ol baradaky galan maglumatlar häzirlikçe gizlin saklanylýar.