Alymlar Antarktidada ilkinji gezek 20 gradusdan ýokary temperaturany hasaba aldylar. AFP habar gullugynyň 14-nji fewralda beren habaryma görä, ak yklymyň howasy taryhynda ilkinji gezek +18.3°C çenli gyzdy.
Rekord 9-njy fewralda hasaba alyndy. Howanyň temperaturasy materigiň demirgazyk ujundaky Seýmur adasynda ýerleşýän polýar stansiýasynda ýigrimi ýyl mundan ozal planetada howanyň gyzmagynyň “müdimi buzluga” edýän täsirini öwrenmek üçin başlanan taslamanyň çäginde ölçelendigi habar berildi.
Şol bir wagtyň özünde Braziliýaly alym Karlos Şefer žurnalistlere Antarktidadaky ýokary temperaturanyň global ýylylyk bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny aýtdy. Ol alnan görkezijini “anyk bir pursatda alnan we uzak wagtlyk gözlegleriň bir bölegi bolmadyk maglumatlar” diýip atlandyrdy.
Şeýle hem Antarktidada temperaturanyň 20 gradusdan geçendigi baradaky habar, planetanyň gyzmagy bilen baglanyşykly gorkyny artdyrar. Žurnalistleriň bellemegine görä, Antarktidadaky buzluklaryň çalt eremegi deňiz derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär, bu bolsa öz gezeginde kenarda ýerleşýän şäherlere we ownuk adalarda ýaşaýan halklara howp salýar.
BMG-niň maglumatlaryna görä, soňky on ýyl, esasan hem 2016-njy ýyl Antarktidada iň yssy döwür boldy. Bu ugurda ikinji ýerde 2019-njy ýyl durýar. 2020-nji ýylyň ilkinji aýy bolsa Antarktidada alnyp barylýan temperatura gözegçilikleriniň taryhynda iň yssy ýanwar boldy.
Antarktidada ýokary temperatura hasaba alyndy

RU



