Dünýä täsirini ýetirýän koronawirus epidemiýasyna uçran meşhur futbolçularyň sanawy:
- Daniel Rugani – Ýuwentus
Ýuventus klubynyň resmi beýanatynda 25 ýaşly goragçy Ruganiniň testlerinde koronowirusyň alamatlarynyň ýüze çykandygy, ýöne oýunçynyň özüni gowy duýýandygy bellenildi.
- Timo Hübers – Gannower 96
Nemes klubunyň 23 ýaşly oýunçysy Hüberse şenbe güni Hildesheim şäherinde gatnaşan çäresinde koronawirus ýokuşandygy çak edilýär.
- Jannes Horn – Gannower 96
Habarlara görä, Hornyň dogany Florianyň hem koronawirusa sataşandygy habar berilýär. Iki doganyň dynç günleri maşgala baýramçylygyndadygy mälim boldy.
- Manolo Gabbiadini – Sampdoriýa
Sampdoriýa klubunyň resmi saýtynda: «Oýunçynyň biraz gyzgyny bar, ýöne gowulaşýar. Klub hökmünde, berjaý edilmeli öňüni alyş çäreleriniň ählisini ýerine ýetirýäris» diýlip, beýanat berilýär.
- Mikel Arteta – Arsenal
«Arsenalyň» beren beýanaty: «Testleriň netijesinde Mikel Artetada koronawirusyň bardygy anyklanyldy we şol sebäpli ähli okuw merkezlerimiz ýapyldy. Oýunçylarymyzyň hemmesi karantinde».
- Kallum Hudson-Odoi – Çelsi
Çelsiniň beren beýanatynda futbolçy Callum Hudson-Odoi-iň koronawirusyna uçrandygy barada habar berilýär.
7/8. Duşan Wlahowiç; Patrik Katrone – Fiorentina
Fiorentina köýnekçesini geýýän Dusan Wlahowiç we Patrik Kutronede hem wirusyň alamatlary ýüze çykaryldy.
- Ezequiel Garaý – Walensiýa
Walensiýanyň goragçysy Ezequiel Garaý, koronawirusa sataşandygyny özüniň Instagram hasabyndan habar berdi.
- Elýakim Mangala – Walensiýa
Walensiýanyň ýene bir goragçysyElýakim Mangala hem edil şonuň ýaly…
- Bleýz Matuidi – Ýuwentus
Bleýz Matuidi täzelikde koronawirusa uçrandygyny aýan etdi.
Oýunçylaryň hemmesine saglyk dileýäs!
«Newashgabat».

RU












