Dünýädäki epidemiologik ýagdaýy nazara alyp, howply ýokanç keselleriň Türkmenistanyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak, arassaçylyk tertip-düzgüni barada giň gerimli düşündiriş işleri alnyp barylýar, maslahatlar çap edilýär, ilat arasynda ýokanç keselleriň öňüni alyş işleri barada yzygiderli wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Maşgala lukmanlary tarapyndan ilatyň arasynda ýiti respirator kesellerine garşy sanjym işleri geçirilýär, çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň we olaryň ene-atalarynyň, talyplaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän wagyz-nesihat işleri has-da güýçlendirildi we berk gözegçilige alyndy. Saglygy goraýyş edaralarynda ýokanç keseller barada amaly-okuw maslahatlary guralýar. Baş dermanhana birleşigi we «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi tarapyndan ähli zerur bolan dermanlar we saglyk maksatly enjamlar bilen üpjün etmek işleri doly ýola goýuldy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi raýatlarymyza döwletimiziň içindäki sanitariýa-epidemiologik abadançylygy goramak we berkitmek hem-de raýatlarymyzyň, saglygyny goramak maksady bilen, howply möwsüm sowulýança, ýurdumyzyň çäginden çykyp, daşary ýurtlara belli bir iş saparyna we syýahata gitmekden saklanmagy maslahat berýär.