Halkara olimpiýa komitetiniň başlygy Tomas Bah şu ýyl Tokioda geçirilmeli Olimpiýa oýunlarynyň  geljek – 2021-nji ýylda üstünlikli geçiriljekdigine umyt bildirdi hem-de oýunlaryň näme üçin indiki ýyl üçin meýilleşdirilmelidigini düşündirdi.

Ýakynda ýapon häkimiýetleri we Halkara olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýyldaky oýunlary 2021-nji ýyla geçirmek barada ylalaşdylar. Oýunlar indiki ýyl tomusdan gijä galman geçirilmeli.

“Beýle karary wirusyň barha ýaýrap barmagy  sebäpli kabul etdik. Biz ilkinji günlerden bäri maslahatlaşyp, wakalardan habardar bolup geldik, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna gulak asyp, her gün, 24 sagatlap ýagdaýlara gözegçilik etdik we islendik üýtgeşmä taýýardyk. Hemme zat, ilki bilen Ýaponiýa, oýunlary guramak olara  başardarmy – şoňa baglydy. Ýöne üns merkezi ýuwaş-ýuwaşdan bütin dünýä, soňra bolsa dünýä jemgyýetçiligine gönükdi. Dünýä Ýaponiýa gelip bilermi ýa-da Ýaponiýa howpsuzlygy üpjün edip bilmezmi diýen ýaly soraglar ýüze çykdy. Ýagdaý çalt üýtgedi. Oýunlary dört aýyň içinde gurap boljakdygy-da gümanady. Ynha, şular bilen baglylykda, biz oýunlary indiki ýyla geçirmek baradaky karara geldik” – diýip, Bah telefon konferensiýasynyň dowamynda žurnalistlere aýtdy.

Halkara olimpiýa komitetiniň başlygynyň sözlerine görä, oýunlary ýatyrmak meselesi umuman gozgalmandyr. Bu karar ähli gyzyklanýan taraplar bilen maslahatlaşylandan soň kabul edildi.

“2020-nji ýyldaky oýunlaryň 2021-nji ýylda Tokioda üstünlikli geçiriljekdigine ynanýaryn. Bu biziň koronawirus bilen göreşdäki ýeňşimiziň baýramy bolar, biz bu ýoly geçmegi başararys!” – diýip, Bah sözüniň üstüni ýetirdi.