«Linkedln» professionallar üçin sosial ulgam hasaplanylýar we bu ugurda iň möhüm platformalaryň biridir. Millionlarça adamyň getiren täze işleri bu platformanyň iň tapawutly aýratynlygy hökmünde bellidir. Şol nukdaýnazardan, Linkedln – Instagram ýaly görnüşe eýe bolmak isleýär. Ýagny, Linkedln ýakyn günlerde hekaýa aýratynlygy bilen garşymyza çykar.

«Snapchat» bilen başlanan we 24 sagadyň dowamynda öçürilýän gysga göwrümli wideolar ulgamy indi «Facebook» we «Instagram», esasanam «WhatsApp» we «YouTube» ýaly sosial ulgamlarda işjeň işleýär. Bu platforma hem hekaýalar aýratynlygy bilen ýaşlary özüne çekmek isleýär.

Professionallaryň sosial ulgamy häzirki wagtda «Instagram» ýaly hekaýa paýlaşmak bölümini ýola goýýandygyny we ýakyn wagtda agzalara elýeterli etmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Bu pikiriň ilkinji gezek geçen ýyl ýüze çykandygyny aýdan «Linkedln»-iň hünärmeni: «Hekaýalar aýratynlygy ilkinji gezek «Snapchat»-da peýda boldy. «Instagram» we «Facebook» ýaly beýleki platformalar hem gysga wagtyň içinde ony ýola goýdy» diýýär.

Hekaýalar aýratynlygy ilkinji gezek «Snapchat» tarapyndan 2013-nji ýylda hödürlenipdi. Ondan soň «Instagram» bu aýratynlygy çykardy, soň «Facebook» we şuňa meňzeş platformalar bu aýratynlygy göçürdi.

«Linkedln» ulanyjylaryň tejribesini ýokarlandyrmagy maksat edinýän bu aýratynlygy ýola goýup, ulanyjylaryň sanyny köpeltmek isleýär.

 

«Newashgabat».