Meşhur golliwudly aktýor bilen “Marvel” kompaniýasynyň arasynda ýakynda gepleşikleriň geçiriljekdigi aýdylýar. Riwz häzirki wagta çenli supergahrymanly filmde baş keşbi janlandyrmak tekliplerinden ýüz öwrüp geldi, ýöne indi onuň Marvel supergahrymanlaryndan biri bolan “Ghost Rideriň” roluny ýerine ýetirmegi mümkin.
“Içerdäkileriň” pikiriçe, Kian Riwz häzir şertnamanyň şertleri boýunça Marvel bilen gepleşikleriň tamamlaýjy tapgyrynda. Özi hem aktýor diňe “Ghost Rideriň” rolunda oýnajakdygyna we başga hiç bir keşbi janlandyrmajakdygyna berk ynanýar.
Şeýle-de bolsa, bu myş-myşlar entek resmi taýdan tassyklanmady. Riwziň juda gysby surata düşüş tertibi bar we häzir aktýor “Bill we Ted”, “Matrix 4” we “Jon Wik 4” filmlerine düşmek bilen meşgul. Dünýäde koronawirus sebäpli dörän ýagdaý aktýorlara karýera meýilnamalary barada pikirlenmek üçin pursat we biraz dynç berýär. Belki, ýakyn wagtda Kian Riwzi meşhur film äleminiň supergahrymany hökmünde göreris.

RU



