Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän ähli mekdeplerinde ýazky dynç alyş möwsümi 6-njy aprele çenli uzaldyldy. Bu barada Turkmenportal agentligi Aşgabadyň Baş bilim müdirligine salgylanyp habar berýär. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Bilim ministrligi gol çekdi. Öňüni alyş arassaçylyk çäreleri hökmünde bu resminama Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan koronawirus pandemiýasynyň yglan edilmegi bilen baglanyşykly ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaklyga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, ýurtda koronawirus ýokanjynyň ýeke ýagdaýy hem hasaba alynmady.