Şu günlerde adamlar Korona wirusy sebäpli köp wagtlaryny öýde geçirýärler. Öýde geçirilen wagtlaryň netijesinde ekranyň öňünde sarp edilýän wagtlar hem kem-kemden artyp başlady. Karantin döwründe ekrana sarp edilýän wagt iki esse diýen ýaly köpeldi. Mekdeplerde dynç alşyň yglan edilmegi we köp adamyň öýden işlemegi ekranlarda sarp edilýän wagty artdyrdy.
«Iphone» ulanyjysy bolsaňyz, hepdede ekrana näçe seredýändigiňizi görkezmek üçin telefonyňyzda her hepde maglumat alyp bilersiňiz. Bu maglumatlardan, haýsy programmada näçe wagt sarp edýändigiňizi görüp bilersiňiz.
«Android» telefonlarynda hem şuňa meňzeş aýratynlyk bar. Mart aýynyň başyndan bäri öýünde has köp wagt geçiren smartfon ulanyjylary sosial media platformalary arkaly ekranda sarp edilýän wagtlarynyň köpelendigini paýlaşýarlar. Köp ulanyjylar ekrana sereden wagtynyň takmynan iki esse köpelendigini aýtýarlar.
Bu döwürde «Google Play Store» we «App Store» dükanlaryndan ýüklenip alynýan programmalaryň sany hem rekord derejede artdy. Bu döwürde oýunlaryň ýüklenip alynmagynyň derejesiniň hem ep-esli ýokarlandygyny aýtmak bolar. Öňümizdäki günlerde bu sanlaryň hasam artmagyna garaşylýar.
«Newashgabat».