Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutynda bolup, bu ýerde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de amaly-türgenleşik işleri bilen tanyşdy.
Tanyşlygynyň barşynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Içeri işler ministrliginiň institutyna önümçiligi Türkmenistanda ýola goýlan “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasynyň önümi bolan häzirki zaman kompýuterleriniň 300-sini sowgat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça milli ykdysadyýetimiziň ýaş pudagy bolan elektron senagatynyň ösdürilmegi sanlylaşdyrmak boýunça Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ägirt uly ähmiýete eýedir. Häzirki zaman tehnikalarynyň we döwrebap enjamlarynyň bolmagy, olaryň netijeli peýdalanylmagy Içeri işler ministrligi üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm şert bolup durýar.