Goranmak ministrligi tarapyndan neşir edilýän «Milli goşun» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Jemgyýetçilik-syýasy, harby-taryhy we ylmy-usuly neşir ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegi ugur edinýär.
Žurnalyň nobatdaky sany türkmen döwletiniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan makala bilen açylýar. Žurnalda ýerleşdirilen makalalaryň biri 27-nji ýanwarda her ýyl bellenilýän baýramçylyga — Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp, ol okyjylary harby ulgamda geçirilýän özgertmeler bilen tanyşdyrýar.
Häzirki wagtda ýaşlaryň ukyplaryny we raýat hünärlerini nazara almak bilen, olar möhletli harby gullugy geçýärler. Mysal üçin, söweşjeň bilen bir hatarda, aýdym-saz bilimli gulluga çagyrylanlar harby orkestrleriň we toparlaryň düzümine girip bilýärler, ýaş alymlar bolsa harby bölümleriň ylmy barlaghanalarynda öz ylmy işlerini geçirip bilýärler.
Žurnalda okyjylaryň dykgatyna harby-watançylyk wideoşekilleri taýýarlamak işi bilen tanyşdyrýan makala ýerleşdirildi.
Beýleki bir makalada Harby-howa güýçleriniň hem-de Howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň uçarmanlarynyň gullugy hakynda gürrüň berilýär.
Žurnalyň täze sany 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanan makala bilen dowam edýär.
Neşiriň merkezi sahypalarynda Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlygynyň depginini şöhlelendirýän infografika ýerleşdirildi.
Žurnalyň täze sany harby lukmançylyk gullugynda dürli wezipelerde 38 ýyl zähmet çeken, harby lukmanlaryň ençeme neslini ösdürip ýetişdiren lukmançylyk gullugynyň ätiýaçdaky polkownigi barada gürrüň berýän makala bilen dowam edýär.
Kanunlaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýan Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň işine bagyşlanan makalada raýatlaryň hukuklaryny amala aşyrmak hem-de halkymyzyň bagtly durmuşy üçin şertleri döretmek maksady bilen, kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýeti açylyp görkezilýär.
Şeýle-de, žurnalyň okyjylarynyň dykgatyna türkmen balykçylarynyň sport edermenligi hakynda makala hödürlenýär.
Türkmen dilinde çärýekde bir gezek çap edilýän «Milli goşun» žurnaly okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir.