«Apple Watch Series 5» modeli geçen ýylyň sentýabr aýynda hödürlenendigi mälim. Bu habarda, 2020-nji ýylda hödürlenmegine garaşylýan «Apple Watch Series 6» modeliniň jikme-jiklikleri barada durup geçeris. Ilki bilen, bu modeliň koronawirusynyň ýaýramagy sebäpli, meýilleşdirilen wagtyndan has giç ulanyşa goýberilip bilinjekdigini aýdalyň.

Habarlara görä, «Apple Watch Series 6» modeli 5-nji we 4-nji seriýalar bilen meňzeş dizaýna eýe bolar.

Saglyk programmalaryna gaty uly isleg bildirýän «Apple Watch» modelleri bu maksadyny 6-njy seriýa bilen dowam etdirer. Maglumata görä, «Apple Watch Series 6» modeli gandaky kislorod derejesini ölçäp biler.

Şeýle hem, «Apple Watch» modelleriniň 6-njysy gandaky kislorodyň derejesiniň peselen ýagdaýynda, ulanyja duýduryş berjekdigini hem aýdyp bolar. Bu aýratynlyk bilen birlikde ukynyň kadasyny hem yzarlaýan aýratynlyga eýe boljak  «Apple Watch Series 6»,  «watchOS 7» operasiýa sistemasyny ulanar. Täze modeliň müşderilerine haçan gelip gowuşjakdygy barada takyk maglumat ýok.

«Newashgabat».