üstüni dolduryp durmak bolsa hemişe adamyň öz elinde. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak ilkinji nobatda beden maşklary we fiziki deňagramlylyk bilen aýrylmaz baglanyşykly bolsa-da sagdyn iýmitlenmek hem beden saglygymyzda esasy orny eýeleýär. Esasan hem, iýmitlenmek bilen bilelikde bedenimize möhüm bolan suwy kabul edijiligimizi kanagatlandyrmak sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde möhüm talaplaryň biri bolup durýar. Alymlaryň tassyklamagyna görä, sagdyn adamyň bedenini suw bilen kanagatlandyrmak üçin günüň dowamynda 8 bulgura golaý suw içmek maslahat berilýär. Berhiz tutýan we öz agramyny gözegçilikde saklaýan adamlar has hem köpräk suw içmegi gerek. Eger-de günüň dowamynda kadaly mukdarda suw içilse, adam öz işdäsini doly gözegçilikde saklap bilýär. Mundan başga-da, bizi günüň ikinji ýarymynda işde we okuwda tiz-tizden ýadawlyk basýar. Bu ýagdaýyň tiz öňüni almagyň iň peýdaly usuly 1 ýa-da 2 bulgur suw içmekdir. Bu usuly ulanyp göreniňizden soň siz bedeniňiziň ýeňilleşendigini, hereketleriňiziň çaltlaşandygyny duýup bilersiňiz.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, bedenimiziň 80%-i suwdan ybarat. Emma süňklerimiziň 50%-de golaýyny suw düzýändigini bilýäňizmi? Süňk öýjükleriniň ösüşi, köpelmegi we sagdynlygy üçin bolsa elbetde bize köpräk suw içmegimiz möhüm hasaplanýar. Limfa düwünlerindäki, böwreklerde we bagyrdaky zäherli maddalary arassalamakda hem suwuň ýerine ýetirýän wezipesi uly bolup durýar.  Nerw ulgamynyň işini sazlamakda hem suw esasy hyzmaty ýerine ýetirýär. Adamyň beýnisi edil 60 Vt-lyk elektrik lampasy ýaly  energiýany bölüp çykarýar. Kelledäki şunça energiýany sowatmak üçin hem bedenimiz köp mukdarda suwy talap edýär. Köp mukdarda suw içmek derini nemlendirýär. Bu bolsa juda peýdalydyr. Netijede bolsa suw derini toksinlerden goraýar. Bedenimize gerkli mukdarda suw ýetmese, ol synalardaky suwy almaga başlaýar. Esasan hem ganyň düzümindäki suwuň azalmagy ganyň goýalmagyna we ýüregimiziň işiniň kynlaşmagyna getirýär. Bularyň öňüni almak üçin biz ýaşaýyşyň çeşmesi we sagdyn durmuşymyzyň özeni bolup durýan aby-haýýat gülap suwumyzy köp içmegimiz we ony aýawly goramagymyz, suwuň dogry we talabalaýyk peýdalanyşylyşyna, arassa hem-de tämizligine hemmämiz hem deň derejeli gözegçilik etmegimiz zerurdyr.

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby.