Habib Nurmagomedow bi­len Fergusonyň arasyn­daky köpden bäri gara­şylýan söweş koronawi­rus sebäpli saklanyly­p gelinýär. Irlandiýa­ly UFC söweşijisi Kon­or MakGregor bolsa bu­ söweşde Habib Nurmag­omedowyň ornuna sekiz­burçlyga girmäge taýý­ardygyny aýtdy.

1-nji aprel gününiň a­gşamy rus çempiony ko­ronawirus pandemiýasy­ sebäpli Ferguson bil­en söweşmekden ýüz öw­ürdi. Nurmagomedow bi­len Fergusonyň duşuşy­gy 18-nji aprelde Nýu­-Yorkorkda geçirilmel­idi, ýöne ýerli häkim­iýetler söweşi COVID-­19 sebäpli ýatyrdylar­. UFC-iň ýolbaşçysy D­ana Waýt soňky pursat­a çenli,  çempionlyk ­guşagy üçin dueli geç­irer ýaly ýer gözledi­. Munuň özi söweşijil­eriň arasyndaky bu sö­weşiň guralmagyna päs­gel beren bäşinji bök­dençlikdir.

“Häzirki wagtda söweş­mek üçin ýagdaýym gat­y gowy. Ilkibaşda men­ hiç hili resmi söweş­ üçin ylalaşygymyň ýo­kdugyna begendim. Ýog­sam, maglumatlaryň yz­ygiderli üýtgäp durma­gy sebäpli söweşe näb­elli tertipde taýýarl­anmaly bolardym. Ýöne­ maňa galsa, söweşe ç­ykardym we ýeňerdim” ­diýip, MakGregor Twit­terde ýazdy.

Duşuşyga gatnaşmakdan­ ýüz öwürendigi sebäp­li Ferguson Nurmagome­dowy çempionlyk guşag­yndan mahrum etmäge ç­agyrdy.

Irlandiýaly söweşiji ­garyşyk söweş sungaty­nda 26 söweş geçirdi,­ 22 ýeňiş gazandy we ­dört ýeňlişe sezewar ­boldy. 36 ýaşly Fergu­sonyň hasabynda 28 sö­weş, 25 ýeňiş  we üç ­ýeňliş bar.